Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, geçen ýylyň dekabr aýynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşli işewürlik duşuşyklarynyň, gepleşikleriň, forumlaryň we okuw maslahatlarynyň guralmagy berkarar Watanymyzyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
3-nji dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Aliniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki döwletiň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş meseleleri babatda çemeleşmeleriniň gabat gelýändigi bellenildi.
4-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalar bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna üns çekilip, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şeýle-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti boýunça ählumumy sammiti geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
5-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallas bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ählumumy parahatçylyga, ösüşe goşant goşýan ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýeti nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara saparynyň çäklerinde “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilen Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Gaznanyň wise-prezidentiniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, jemgyýetçilik ösüşi we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými, bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater, Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen geçiren duşuşyklarynda dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň dürli ulgamlarda okgunly ösdürilýändigi bellenildi.
8-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýär hem-de olar halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramasynyň Geňeşiniň 116-njy sessiýasynda halkara migrasiýanyň möhüm meseleleri, şol sanda migrasiýa bilen ösüşiň arasyndaky arabaglanyşyk, guramanyň işiniň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
8 — 13-nji dekabr aralygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýändigi hakyndaky çözgüt kabul edildi.
10-njy dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskes bilen duşuşyk geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi, halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Parahatçylyk we sport halkara guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi Žoel Buzu bilen geçirilen duşuşykda Monako Knýazlygy bilen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Onda Türkmenistan bilen agzalan guramanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginine kanagatlanma bildirildi.
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň BMG bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Döwlet durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak, enelik we çagalyk babatda strategiýalary netijeli ilerletmek, zenanlaryň, çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek, olaryň maddy we durmuş abadançylygynyň, saglygynyň, intellektual ösüşiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini kepillendirmek meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maslahatyň esasy maksady boldy.
Forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.I.Pirogow adyndaky Ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, Plastik, rekonstruktiw we estetiki hirurglar jemgyýetiniň prezidenti Natalýa Manturowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan zenanlaryň hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň işjeň agzasy bolmak bilen, olaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna giňden gatnaşmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine uly üns berilýär, bu ugurda döwlet maksatnamalary, milli meýilnamalar hereket edýär, sebit hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.
10-11-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýram mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý, Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu, Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
11-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we beýleki resmi wekiller ýurdumyza sapar bilen geldiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmanlary mähirli garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde geçiren duşuşyklarynda taraplaryň döwletara gatnaşyklary giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşykda gurama bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy we geljek ýyl üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili, BSGG-niň Ählumumy saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça Ýewropa sebit merkeziniň ýolbaşçysy Oksana Domenti bilen bolan gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen geçirilen duşuşykda bilelikdäki işleriň netijeleri, 2026-njy ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň we Mynasyp zähmet meseleleri boýunça tehniki goldaw toparynyň direktory Mihail Puşkin bilen bolan duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy. Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy we protokol bölüminiň başlygy Peter Wilçak bilen duşuşykda ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen guralan duşuşykda syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Serbiýa Respublikasynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiç bilen geçirilen gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň meseleleri barada netijeli pikir alşyldy. Şeýle-de Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň geçirilmegi dekabr aýynyň iň möhüm wakasy boldy. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. Möhüm başlangyçlary ilerletmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin ähmiýetli meýdança öwrülen bu forumyň maksady halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplyk hukuk derejesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilen täze gurallary işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.
Forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han, Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşyklary boldy. Gepleşiklerde nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan ähli hyzmatdaş ýurtlar we abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.
13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sin Hon Çhol bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Sin Suý bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Şunda türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
14-nji dekabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen BMG-niň Siwilizasiýalar bileleşiginiň 11-nji ählumumy forumyna gatnaşdy. «UNAOC: Adamzadyň bähbidine iki onýyllyk dialog: köppolýarly dünýäde özara hormat goýmagyň we düşünişmegiň täze döwrüni ilerletmek» ady bilen geçirilen forum ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, dialogy ösdürmek we medeniýetara gymmatlyklary öňe sürmek boýunça pikirleri, garaýyşlary hem-de tejribeleri paýlaşmak üçin netijeli meýdança boldy. Forumyň jemleri boýunça Er-Riýad Jarnamasy kabul edildi.
15-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Awstriýa Respublikasy bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.
16-njy dekabrda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirilip, onda 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu düzümiň işini giňeltmek bilen bagly möhüm meselelere seredildi.
17-nji dekabrda «FIT International» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köpýyllyk oňyn tejribesine üns çekildi. Hususan-da, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
18-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyz bilen bu kompaniýanyň arasynda sport infrastrukturasyny ösdürmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iş ýüzünde öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirildi. Munuň özi syýahatçylyk zolagyny ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.
25-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda geçirilen dabara şanly ýylda gazanylan üstünliklere nazar aýlamaga, Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi.
29-njy dekabrda Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2025-nji ýylyň jemleri we geljekki meýilnamalar 30-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň esasy mazmunyny düzdi.
Dekabr aýynda Daşary işler ministrliginde Kuweýt Döwletiniň, Latwiýa Respublikasynyň, Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdylar. Şeýle hem duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabr aýynda guralan möhüm çäreler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysaly boldy.