Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Daşary ýurtly meşhur sungat ussatlary Aşgabatda çykyş etdiler
Medeniýet
Daşary ýurtly meşhur sungat ussatlary Aşgabatda çykyş etdiler
Çap edildi 29.12.2025
2513

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň birnäçe konserti boldy. Sazly «ýaryşy» açmak hormaty dünýäniň iň meşhur aýdymçylarynyň biri Araşyň paýyna düşdi.

«Ýewrowideniýäniň» ýeňijisi, «Boro Boro», «Broken Angel», «Pure Love» we «Temptation» ýaly iň ilhalar aýdymlary bilen meşhur bolan eýran-şwed artisti gündogar ýerine ýetirijilik terzini we mizemez harizmasyny görkezmek bilen, tomaşaçylary ýene-de özüne bendi etdi.

Şatlyk duýgusyna basalyk berip bilmedik Araş tomaşaçylara: «Salam, Türkmenistan!» sözleri bilen ýüzlendi. Bu ýüzlenmede onuň ýurdumyza ýene-de gelmegine bolan hakyky begenjini duýmak bolýardy. Aýdymçynyň özüniň belleýşi ýaly, onuň Türkmenistana ilkinji sapary, takmynan, 15 ýyl mundan ozal bolupdyr, türkmen halkynyň mähirliligi we myhmansöýerligi şondan bäri onuň ýadynda uzak wagtlap galypdyr.

Tomaşaçylar her bir aýdymy el çarpyşmalar bilen garşyladylar we meşhur aýdymlara goşulyp aýtdylar. Tomaşaçylar bilen hoşlaşanda, Araş Türkmenistana hökman gaýdyp geljekdigine söz berdi.

Mundan soň Gyşky sport toplumynda geçen agşamda Mot diýen sahna lakamy bilen has gowy tanalýan rus artisti Matweý Melnikow çykyş etdi. Aýdymçy Türkmenistana ilkinji gezek gelendigini we paýtagtyň özüni garşylanda bildiren mähiriniň kalbyna siňendigini aýtdy.

Motuň «Awgust, bu – sen», «Gapan», «Tötänlikler tötänden däl», «Soprano», «Düýpden hemme zat», «Tenim digir-digir» we joşgunly «Eje, men – Dubaýda», «Gije-gündiz», şeýle hem romantik mowzukdaky «Erkek aşyk bolanda» ýaly esasy aýdymlary sahnada ýaňlanyp başlanda, tomaşaçylar duýgularyny saklap bilmän, ony sözme-söz gaýtaladylar. Tribunalardan düşýän ykjam çyralary bu pursada aýratyn gözellik goşup, konserti hakyky saz we ýagtylyk baýramyna öwürdi.

Konsertiň tutuş dowamynda rep-aýdymçynyň çykyşyna şow-balet hemralyk etdi. Zähmet ýoluny tansdan başlan artistiň özi tomaşaçylary dürli horeografik hereketler bilen haýran galdyryp, olary tansa goşulmaga höweslendirdi. Agşamyň ahyrynda Mota gyrmyzy don bilen ak telpek geýdirdiler – türkmen milli lybasy ýurdumyzyň buýsanjyny, mertebesini we baý medeni mirasyny alamatlandyrýar.

Türk estrada aýdymçysy Semijenk täze ýylyň öňüsyrasyndaky sazly «ýaryşy» dowam etdirdi. Aýdymçynyň hakyky ady Jenk Baş. Ol 2019-njy ýylda «O Ses Türkiye» şowuna gatnaşanyndan soň meşhurlyga eýe boldy. Semijenk soňra ilhalar aýdymçylaryň sanawynda «Düşer aklyma» we «Puşman däl men» ýaly aýdymlary, şeýle hem beýleki artistler bilen hyzmatdaşlyklary bilen ýeňiş gazandy. Ol öz duýguly wokal sesi we döwrebap owazy bilen tapawutlanýar.

Daşary ýurt estrada aýdymçylarynyň konsertleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilen çärelere ajaýyp goşundy boldy. Ýurdumyzda möhüm çäreleriň öňüsyrasynda şeýle konsertleri guramak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ajaýyp däpleriň birine öwrüldi. Bu medeni çäreleriň esasy maksady Täze ýyl bosagasynda baýramçylyk şatlygyny döretmekdir.

Soňky habarlar
19.11
Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
19.11
Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany
18.11
Ekologiýa we howa durnuklylygyny üpjün etmek — ählumumy abadançylygyň kepili
18.11
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
18.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow