Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
Syýasy habarlar
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
Çap edildi 16.12.2025
105

Biz — «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümetiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda döwletleriň arasynda durnukly ösüşiň, gender deňliginiň hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň bähbidine köptaraplaýyn dialogy, hyzmatdaşlygy berkitmek maksadyndan ugur alyp,

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda adam hukuklaryna hormat goýulmagyna, erkekler bilen zenanlaryň deňhukuklylygyna, ählumumy howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ygrarlydygymyzy tassyklap,

Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň artýan ornunyň ählumumy jemgyýetçilik ösüşiniň kesgitleýji ugurlarynyň biridigini, onuň däp bolan maşgala borçlary bilen bir hatarda, hünär, jemgyýetçilik we dolandyryş wezipelerini hem öz içine alýandygyny belläp, şeýle hem zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagynyň durmuş, ykdysady ösüşi, ynsanperwer gymmatlyklary pugtalandyrýandygyny belläp,

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň (2025-nji ýyl) çygrynda hereket edip, 2025-nji ýylda dünýä jemgyýetçiliginiň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça dördünji bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygyny, 1995-nji ýylyň Pekin Jarnamasynyň we Hereketler platformasynyň kabul edilmegini belleýändigini, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň jemleýji tapgyryna gadam basýandygyny nazara alyp,

Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň gün tertibine öwrülen, gender deňligini gazanmak boýunça esasy ählumumy strategik resminama bolan Pekin Jarnamasyna we Hereketler platformasyna (1995-nji ýyl) salgylanyp, şeýle hem onuň maksatlaryna, strategik ugurlaryna ygrarlydygymyzy gaýtadan tassyklap,

Birleşen Milletler Guramasynyň zenanlaryň hukuklaryny höweslendirmäge we goramaga gönükdirilen degişli Kararnamalaryny we çözgütlerini, şol sanda Baş Assambleýanyň zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak we gender deňligini gazanmak baradaky Kararnamalaryny ýatladyp, şeýle hem BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasynyň netijenamalaryny we maslahatlaryny nazara alyp,

2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň doly we netijeli durmuşa geçirilmeginiň, aýratyn-da, onuň 5-nji maksadynyň — gender deňligini gazanmagyň we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň, şeýle hem «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň we zenanlaryň parahatçylyk döredijilikli, ynsanperwer ösüşe giňden çekilmegine gönükdirilen beýleki ählumumy başlangyçlaryň möhümdigini nygtap,

Zenanlaryň döwletleriň durmuşyndaky ornunyň artdyrylmagy, olaryň hukuklarynyň, mümkinçilikleriniň we mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi, gender mümkinçilikleriniň syýasatyň we ösüşiň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem-de adalatly, parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmakda kesgitleýji ähmiýete eýedigine ynanýarys.

I. Zenanlaryň döwlet dolandyryşyna we raýat jemgyýeti institutlaryna gatnaşmagy

1. Zenanlaryň ýolbaşçylyk işlerine, döwleti dolandyryş ulgamyna we raýat jemgyýeti institutlarynyň işine doly we deňhukukly gatnaşmagynyň netijeli, jogapkärli, inklýuziw dolandyryşy üpjün etmegiň zerur şertidigini tassyklaýarys.

2. Çözgütleri kabul etmek prosesiniň ähli derejelerinde zenanlaryň bolmagynyň syýasy pikir alyşmalary baýlaşdyrmaga, syýasatyň ilatyň ähli gatlaklarynyň zerurlyklaryna gönükdirilmegini ýokarlandyrmaga we durnukly hem-de inklýuziw ösüşi ilerletmäge ýardam edýändigini belleýäris.

3. BMG-niň ähli agza döwletlerini zenanlaryň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna doly, deňhukukly gatnaşmagy üçin zerur şertleri döretmäge, okuw we halypalyk maksatnamalary arkaly olaryň ýolbaşçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge, ýaş zenan ýolbaşçylaryň işjeň raýat garaýyşlaryny goldamaga, zenanlaryň syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň işine gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge çagyrýarys.

4. Gender deňligini ilerletmekde, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda raýat jemgyýetiniň, hökümete dahylsyz zenanlar guramalarynyň we hereketleriniň aýratyn ornuny belleýäris.

5. Zenan ýolbaşçylaryň möhüm goşandy barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga, gender deňligini ilerletmek we zenan ýolbaşçylary goldamak ugrundaky tagallalara erkekleriň işjeň çekilmegini üpjün etmäge gönükdirilen wagyz-düşündiriş çärelerini we bilim maksatnamalaryny geçirmegi goldaýarys.

II. Zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler

6. Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini ykdysady taýdan giňeltmegiň durnukly ösüşe ýetmegiň iň möhüm şerti bolup, garyplygy azaltmaga, maşgalalaryň we jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli we ählumumy derejede durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belleýäris.

7. Zenanlar üçin deň ykdysady mümkinçilikleriň üpjün edilmeginiň ykdysadyýete zenanlaryň gatnaşmagyny giňeltmäge gönükdirilen milli durnukly ösüş strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň berkidilmeginiň zenan telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi arkaly gazanylmalydygyny tassyklaýarys.

8. Zenan telekeçiliginiň ösdürilmeginiň we zenan telekeçileriň goldanylmagynyň durnukly ykdysady ösüşde hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagynda möhüm orun eýeleýändigini belleýäris.

9. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmeginiň gender boýunça sanly tapawudy aradan aýyrmak bilen utgaşmalydygyny nygtap, zenanlaryň sanly ykdysadyýete we ýokary tehnologiýaly pudaklara gatnaşmagynyň diňe adalat nukdaýnazaryndan ähmiýetli bolman, eýsem, uly ykdysady mümkinçiliklere hem eýedigini nygtaýarys.

III. Bilim, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi

10. Zenanlaryň we gyzlaryň ähli derejede ýokary hilli bilime deň elýeterliligini üpjün etmegiň olaryň jemgyýetdäki mümkinçiliklerini giňeltmek üçin binýatlyk esas bolup durýandygyny tassyklaýarys hem-de soňky onýyllyklarda bu ugurda gazanylan uly öňegidişligi belleýäris.

11. Zenanlaryň ylym, medeniýet, bilim we ýaş nesli terbiýelemek ugurlaryna çekilmeginiň jemgyýetçilik işjeňligiň möhüm ugry bolup durýandygyny, olaryň bilim we saglygy goraýyş ulgamynda işgärleriň uly bölegini düzýändigini, olaryň goşandynyň adam maýasynyň ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belleýäris.

12. Zenan hünärmenleriň ýaş nesil üçin halypa we nusga bolmagyny höweslendirmegiň, gyzlary we ýaş zenanlary ylymda, lukmançylykda, ekologiýada we beýleki möhüm durmuş ugurlarynda hünär saýlamaga ruhlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýarys.

13. Zenanlaryň we gyzlaryň saglygynyň milletiň saglygynyň we durnukly ösüşiň esasy şertidigini ykrar edýäris hem-de soňky ýyllarda bu ugurda ählumumy derejede oňyn üýtgeşmeleriň gazanylandygyny belleýäris.

14. Eneligi we çagalygy goramak hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekden başlap, häzirki zaman maşgala meýilleşdiriş hyzmatlaryna giň elýeterliligi üpjün etmäge çenli gender aýratynlyklaryny nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny nygtaýarys.

15. Zenanlaryň ene, hossar, saglygy goraýyş işgärleri we meýletinçiler hökmünde maşgalalaryň we jemgyýetleriň saglygyny goramakda wajyp orun eýeleýändigini, olaryň aladasynyň geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün edýändigini belleýäris.

16. Zenanlaryň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalara işjeň gatnaşyjylardygyny nygtap, ekologiýa syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde olaryň goşandynyň artdyrylmagyny goldaýarys.

17. Halkara jemgyýetçiligi we milli hökümetleri ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw we energiýa serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek işine zenanlary has işjeň çekmäge çagyrýarys.

18. Bilimli, sagdyn we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýän zenanlaryň ykdysady ösüşe, maşgalalaryň abadançylygyna, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine has uly goşant goşýandygyny belleýäris.

19. Agza döwletleri, bilim we ylmy edaralary, hususy pudagy we raýat jemgyýetini bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we ekologiýa ugurlarynda zenanlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrýarys.

IV. Gender deňliginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak

20. Gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleriniň çözgüdiniň ähli döwletleriň, BMG-niň ulgamynyň düzümleriniň, sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň işjeň halkara hyzmatdaşlygyny, tejribe alyşmagy we bilelikdäki hereketlerini talap edýändigini tassyklaýarys.

21. Gender deňligi boýunça syýasaty utgaşdyrmak maksady bilen, ählumumy we sebit derejesinde alnyp barylýan tagallalary goldap, bu meseleler boýunça köptaraplaýyn dialogyň ähmiýetini nygtaýarys.

22. Zenanlaryň orny we gender meseleleri boýunça halkara we sebit maslahatlarynyň, forumlaryň öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, gazanylan öňegidişligi seljermek, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança hökmünde ähmiýetini aýratyn belleýäris.

23. Halkara jemgyýetçiligiň zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek meselelerine hemişelik üns bermegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle forumlary yzygiderli esasda, şol sanda olary BMG-niň meýdançalarynda geçirmek tejribesini dowam etdirmegi maslahat berýäris.

24. Gender meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze dialog platformalaryny we torlaryny döretmäge we berkitmäge çagyrýarys.

25. Öňdebaryjy zenanlaryň ählumumy torlary, işewür zenanlaryň sebit forumlary, ýaş zenanlaryň sammitleri we beýlekiler ýaly bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hökümetleriň, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň arasynda özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine çagyrýarys.

26. BMG-niň we sebit meýdançalarynyň çäklerinde gender deňligi boýunça hemişelik mowzuklaýyn dostlar toparlaryny döretmek pikirini goldaýarys. Olar degişli maksatnamalar üçin serişdeleri çekmäge we syýasy goldawy güýçlendirmäge ýardam berer.

27. Zenan ýolbaşçylaryň, parlament wekilleriniň, telekeçileriň, ylym we medeniýet işgärleriniň arasynda göni tejribe alyşmak üçin täze platformalaryň özara öwrenmek we zenanlaryň hukuklary ugrunda ählumumy hereketi ilerletmek üçin möhüm çeşme boljakdygyna ynanýarys.

28. «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly gün tertibiniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini belleýäris we ýaş zenanlaryň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlara çekilmeginiň möhümdigini nygtaýarys.

29. Birleşen Milletler Guramasyny we onuň ýöriteleşdirilen edaralaryny, halkara maliýe institutlaryny gender deňligini gazanmak boýunça milli tagallalary goldamagy dowam etdirmäge we güýçlendirmäge çagyrýarys.

30. Zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetindäki ornuna bagyşlanan şu halkara maslahatyň geçirilmegi, şeýle hem gender deňligi, özara düşünişmek we durnukly ösüş boýunça garaýyşlary we gymmatlyklary ilerletmäge yzygiderli goşandy üçin Türkmenistanyň Hökümetine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, BMG-niň ulgamynyň düzümlerine, ähli guramaçylara we hyzmatdaşlara çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.

31. Maslahatyň dowamynda öňe sürlen pikirleri we maslahatlary amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin BMG-niň, sebit guramalarynyň, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn başlangyçlaryň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy beýan edýäris hem-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmekde, olaryň durmuşyň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny ilerletmekde we ählumumy derejede deňligi üpjün etmekde hakyky öňegidişlige ýetmek maksady bilen, bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdyk.

32. Agza döwletleri, BMG-niň ulgamynyň edaralaryny we degişli hyzmatdaşlary dialogyň, hyzmatdaşlygyň we deňligiň ruhuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şunuň bilen birlikde, zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň halkara jemgyýetçiligiň durnukly gymmatlygyna, halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrülmegini üpjün etmäge çagyrýarys.

Türkmenistan, Awaza, 2025-nji ýylyň 10-njy dekabry.

Soňky habarlar
16.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
16.12
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
16.12
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy
16.12
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
16.12
Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy
16.12
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
16.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.12
Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy
15.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we
15.12
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow