Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
Çap edildi 12.12.2025
1309

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu halkara forumyň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň bu çärä ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli syýasy waka hökmünde garaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, YHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy. Şu ýylyň aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu forumyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşandygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu gurama agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge berk esas bolup hyzmat edýändigi aýdylyp, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.06
Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
01.06
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
01.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
31.05
Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
30.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
top-arrow