Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
Çap edildi 12.12.2025
1774

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ŞHG Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilen Bitaraplyk hukuk derejesine sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ýokary baha berýär.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, oňa ýurdumyzda halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ähli hyzmatdaş ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. ŞHG bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasatymyzyň wajyp ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň bu guramanyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisi bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Türkmenistan anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermek bilen, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli amatly şertleriň bardygyny belläp, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow