Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
702

Halkara howa menziliniň meýdançasyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gelip gondy. Milli Liderimiz Prezident Emomali Rahmony mähirli garşylady. Dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Belent mertebeli täjik myhmany mähirli garşylanylandan soňra, howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Emomali Rahmonyň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek forumyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de onuň Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrjakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu günler dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistan bilen bilelikde şöhratly senäni — Halkara Bitaraplyk gününi we Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Aşgabat bolsa ajaýyp gözelligi bilen şanly waka bagyşlanan iri foruma we beýleki dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelýän myhmanlary garşylaýar. Şol myhmanlaryň hatarynda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtap, täjik Lideri Aşgabatda geçiriljek forumyň işine üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösüşine degişli meselelere garalyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça geljekde-de üstünlikli ilerlediljekdigine pugta ynam bildirildi.

Soňky habarlar
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.06
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşygy
top-arrow