Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
626

Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde garşylan nobatdaky ýokary derejeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan boldy. Milli Liderimiz Türkiýäniň döwlet Baştutanyny uçaryň ýanynda mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendigi üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň saparynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugrunyň giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygyny nygtady.

Türkiýäniň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek forumyň möhüm ähmiýeti barada gysgaça durup geçdi hem-de bu halkara maslahatyň hyzmatdaş ýurtlaryň Türkmenistanyň ilerledýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, nurana geljegi üpjün etmek üçin wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda ajaýyp mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigi nygtalyp, geljekde onuň ähli ugurlar boýunça has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.06
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşygy
top-arrow