Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 11.12.2025
1001

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Latwiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diplomatik tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat Latwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi dowam etdirmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Girts Ýaunzemsi Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Latwiýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, Size iň gowy arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Edgar RINKEWIÇ,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow