Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
677

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Premýer-ministrini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň bu forumyň işine gatnaşmagynyň onuň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň, parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändiginiň görkezijisi bolup durýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu maslahatyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň subutnamasydygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, BMG tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara forumyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we netijeli strategik çemeleşmeleri öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Ýokary derejedäki yzygiderli syýasy gatnaşyklar muňa uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Awazada guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri bilen geçiren gepleşikleriniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow