Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
1185

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çärelere gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Mýanmanyň Premýer-ministriniň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi.

Mýanmanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny, ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara forumyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi hem-de onuň netijeleriniň sebitde we dünýäde dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Premýer-ministr Nýo So döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Mýanmanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlygy goldaýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Mýanmanyň Premýer-ministriniň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanşyp biljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, Mýanmanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk babatda anyk tekliplerini goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
28.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow