Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
649

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Prezident Waagn Haçaturýanyň bu forumyň işine gatnaşmagynyň onuň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň, parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, dünýä derejesinde ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň gözel tebigatynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belläp, ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de ermeni tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş taryhynyň möhüm senesi — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly sene mynasybetli guralýan forumyň pikir alyşmak, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen bilelikdäki strategik çözgütleri kabul etmek, bu ugurda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Prezident Waagn Haçaturýanyň ýurdumyza saparlarynyň hem-de Türkmenistanda geçirilýän möhüm çärelere gatnaşmagynyň Ermenistanyň açyk, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi hem-de Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Baştutany bilen geçiren netijeli gepleşiklerini ýatlady. Bu gepleşikler özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin zerur şertleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamak we eksport-import amallaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow