Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Bo Hýony kabul etdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, ony Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forumyň geçirilýän günlerinde türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy hem-de bu Forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda we bilelikde häzirki zaman meseleleriniň çözgüdini tapmakda möhüm esas boljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz işewüriň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Daewoo» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda «Daewoo» kompaniýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyk işlerini alyp barýandygyny belläp, koreý kompaniýasynyň bu taslamany ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine, onuň täze we döwrebap tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.
Kim Bo Hýon bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.