Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2025
522

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady. Işewür Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagynyň hem-de saparyň çäklerinde geçiren ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunda ýapon kompaniýalaryna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze senagat toplumlaryny döretmek, energetika we himiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasy bilen gaz hem-de himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda oňyn tejribäniň toplanandygyny belledi, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, täze önümleri öndürmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy arkaly Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
M.B.ORAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
W.S.HAJIÝEW hakyndTürkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy tassyklanyldy
top-arrow