Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bitaraplygynyň 30 ýyllyk mynasybetli giň gerimli sergi açyldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bitaraplygynyň 30 ýyllyk mynasybetli giň gerimli sergi açyldy
Çap edildi 11.12.2025
2653

Şu gün berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi açyldy. Oňa ajaýyp sene mynasybetli dürli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri hem baryp gördüler.

Sergini synlamak maksatly dabaranyň başynda onuň resmi açylyşy hökmünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy.

Döwlet Baştutanymyz serginiň öz işine başlamagy bilen gutlap, bu giň möçberli serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip, onuň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow