Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Çap edildi 10.12.2025
1069

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça ösdürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny belledi.

Hiroýuki Subaý Türkmenistanyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýratyn nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu saparyň üstünliklere beslenmegini we Hiroýuki Subaýa Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.

Milli Liderimiz iki dostlukly ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň «ITOCHU» kompaniýasynyň Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Keletedäki sement zawodynyň we Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň ýola goýlan bu netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Hiroýuki Subaý Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow