Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 09.12.2025
25

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylan işler, geçirilen köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

30-njy oktýabr — 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewüligini berkitmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, durnukly syýahatçylygy ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, şeýle hem milli toparlaryň arasynda özara gatnaşyklary we tejribe alyşmagy kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri bilen geçirilen duşuşykda taraplar döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda sebitara, şol sanda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde gyzyklanmanyň bardygy bellenildi.

6-njy noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde halkara hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda CARICC-niň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda dürli ugurlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy noýabrda Aşgabatda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi. Mejlis müdirligiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar neşe serişdelerine we korrupsiýa garşy göreşmek, jenaýatçylygyň öňüni almak, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, serhet dolandyrylyşy we saglyk meseleleri ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde UNODC-nyň uly goşandyny bellediler.

7-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpe bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we serhetara howplara garşy göreşmek boýunça milli derejede mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berildi.

Şol gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň söwda, ulag, energetika, «ýaşyl» ykdysadyýet, bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pudak işgärleri gatnaşdy. Taraplar söwda-ykdysady ugurdaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem mejlisde makroykdysady ýagdaý, ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy, energetika, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk, ynsanperwer we bilim taslamalary ýaly meselelere garaldy.

7-8-nji noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbari bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.

10 — 12-nji noýabrda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Plenar mejlisde halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibini pugtalandyrmak, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirmek, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu abraýly gurama bilen ynsanperwer ulgamda ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Jibuti Respublikasynyň, Yrak Respublikasynyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň, abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen gatnaşyklary ilerletmegiň möhümdigi nygtaldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meselelerine üns çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Owganystan boýunça “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň 7-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise gatnaşyjylar durnukly ösüş, sebitleýin arabaglanyşyk, ynsanperwer goldaw, sebitiň durnuklylygynyň we halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň amaly formatlary ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

12 — 14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýan bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirildi.

«Türkmentel — 2025» ylmy maslahatynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki orny» atly forum, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan halkara startap forumy, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan «Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly registrlerden emeli aňyň ornaşdyrylmagyna çenli» atly okuw maslahaty guraldy.

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

13 — 18-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Gana Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Rumyniýanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Keniýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere hem garaldy.

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, gaznanyň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alyp barýan işi Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir.

18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar institutynyň (IRIS) maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň IRIS bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

18-19-njy noýabrda Balkan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işläp taýýarlamagyň we Pars aýlagynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň häkimi H.Hagşenasyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maksatlara sebit we ählumumy derejede ýetmekde bolsa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Şeýle hem dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine üns çekildi.

Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Halkara we sebitleýin guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Muňa bilelikdäki başlangyçlary özara goldamak tejribesinde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Asylly ynsanperwer wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, ekologik bilimi wagyz etmek, hemaýata mätäç raýatlara kömek bermek maksady bilen, döwletleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, gaznalaryň, dürli ýurtlaryň lukmançylyk, haýyr-sahawat edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek çäräniň baş maksady boldy.

20-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda konsullyk-hukuk we migrasiýa ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Konsullyk işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bek bilen geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Mundan başga-da, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-21-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi.

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Mihai Popşoýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi. Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

23 — 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş konferensiýasyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Kararnama taslamalaryna garaldy, UNIDO-nyň işleri baradaky hasabatlar diňlenildi we täze başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji noýabrda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde ýerleşýän «Palasso Walentini» köşgünde Türkmenistanyň ylmy wekiliýetiniň gatnaşmagynda şanly senelere — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň italýan dilindäki neşiri hem tanyşdyryldy. Şeýle hem Rim şäheriniň Medeni miras bölüminiň ýolbaşçysy, Italiýanyň Senatynyň Bilim we medeni miras boýunça hemişelik komissiýasynyň senatory, Italiýanyň Uniwersitetler we ylmy barlaglar ministrliginiň ylym we innowasiýalar ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

24 — 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw-biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Taraplar bilelikdäki gorlaryň ýagdaýy, suw-biologik serişdeleri goramak we dikeltmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça pikir alyşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

24 — 27-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we Türkmenistanyň gurluşyk hem-de infrastruktura ulgamynda möhüm hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk, inženerçilik we şähergurluşyk guramalaryny birleşdirýän bu forumyň meýdançasynda milli ösüş maksatnamalary, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar görkezildi. Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

25-nji noýabrda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasynda resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da, geçirilen sergiler boýunça hasabatlar diňlenildi hem-de geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere görülýän taýýarlyk işleri boýunça hasabatlar hödürlendi. Türkmenistan BIE-niň Administratiw-býujet komitetiniň agzalygyna 2026-2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy.

25 — 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň, Gambiýa Respublikasynyň, Angola Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Mundan başga-da, söhbetdeşler halkara we sebit derejesinde, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem dekabr aýynda geçiriljek halkara forumyň guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

26-27-nji noýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda ulag-logistika, nebitgaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlar we bank pudaklarynda, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

27-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň alyp barýan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda gurama agza döwletleriň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna üns çekildi hem-de ekologiýa durnuklylygy we “ýaşyl” özgertmeler boýunça meselelere garaldy.

Şol gün Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2025-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Aktauda (Gazagystan Respublikasy) geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda 2026-njy ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheri yglan edildi.

Noýabr aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Niger Respublikasynyň hem-de Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ugurlaryň giň toplumy boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge, iri halkara guramalar we düzümler bilen hyzmatdaşlyga özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, noýabr aýy möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, mähriban halkymyzyň hem-de dünýä halklarynyň bähbidine gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli dialogy pugtalandyrýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
09.12
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.12
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
08.12
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow