Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 08.12.2025
17

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Kaha Imnadze wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna BMG-de ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilendigini belläp, ýakynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň şu ýylyň esasy wakasyna öwrüljekdigini aýtdy hem-de bu forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Kaha Imnadze şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Ýurdumyz BMG-niň ählumumy meseleleri we häzirki zaman wehimlerini çözmekdäki esasy ornuny yzygiderli goldaýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy hem-de olaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu ýubileý sessiýanyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sebit merkeziniň işine berýän yzygiderli goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
08.12
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
top-arrow