Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Energetika howpsuzlygy — ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry
Teswirlemeler
Energetika howpsuzlygy — ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry
Çap edildi 20.10.2025
69

Dünýäniň energetika pudagynyň yzygiderli ösýän aýratynlygy soňky onýyllyklara has-da mahsus ýagdaý boldy. Ýylyň-ýylyna dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynda halkara gatnaşyklara täsirini ýetirýän, pudagyň ösüşini özgerdýän täze şertler we ýagdaýlar ýüze çykýar hem-de tehnologiýalar döreýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda diňe bir ykdysady taýdan möhüm ähmiýetli däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde uly orun eýeleýän iri taslamalar amala aşyryldy. Munuň üçin ygtybarly, durnukly energiýa üpjünçiligi, energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegi hem-de energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy zerurdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň halkara energetika ulgamyna yzygiderli baglanyşmagyny maksat edinýär.

Pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümlere bolan islegleri nazara alyp, onuň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmek, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine täze infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek milli strategiýanyň möhüm wezipeleriniň hataryndadyr.

11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, şeýle hem ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 3-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeleriň durandygyny nygtap, ony ösdürmegiň, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmek boýunça görkezmeler berildi.

Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini düýpli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Milli ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän elektroenergetika, gaz we nebit pudaklarynyň kärhanalary üstünlikli hereket edip, oňyn görkezijileri gazanýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatlyklary artyp, tebigy gaz arkaly işleýän döwlet energiýa paýlaýjy ulgamynyň möhüm bölegi bolan birnäçe döwrebap elektrik stansiýalary hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, gaz senagaty ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda uglewodorod serişdelerini ýüze çykarmak, agtarmak, ulanmak, daşamak we saklamakdan başlap, ony gaýtadan işlemäge we sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçiligiň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler işjeň alnyp barylýar.

Gorlary boýunça ägirt uly hasaplanylýan «Galkynyş» gaz käni «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly ýataklarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl bu kände çuňlugy 4452 metr bolan 285 belgili guýynyň üstünlikli burawlanmagy netijesinde, 4412 — 4136 metr çuňlukdaky gatlaklardan önüm berijiligi gije-gündizde 2 million kub metr bolan tebigy gazyň täze akymy alyndy.

Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň gurulmagy bilen, gazy gaýtadan işleýän pudak hem barha ösýär. Çig maly has çuň gaýtadan işleýän ýokary netijeli önümçilikleri döretmäge hem möhüm ähmiýet berilýär.

Nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmak we özleşdirmek, çykarylýan nebitiň möçberlerini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanmagyň hasabyna nebit senagatynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň işgärleriniň «Uzynada» käninde gije-gündizdäki önümçiligi 70 tonna nebit kondensatyna we 75 müň kub metr tebigy gaza deň bolan, çuňlugy 6 müň 830 metr bolan täze guýyny ulanmaga bermekleri muňa aýdyň mysaldyr. Bu guýynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň başynda işe girizilendigini bellemek möhümdir.

Ýurdumyzda nebithimiýa pudagy hem netijeli ösdürilýär. Içerki bazary üpjün edýän we ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny emele getirýän önümçiligiň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmakda, öndürilýän önümleriň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde oňyn netijeler gazanyldy. Sebäbi nebit diňe bir ýangyç däl, himiýa senagatynyň hem möhüm binýadydyr. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýaglary, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar.

Wodorod we bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleriniň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň hem-de kalsinirlenen elektrod koksunyň, ýol, gurluşyk bitumynyň we beýlekileriň önümçiliginiň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, täze ekologiýa ölçegleriniň çäklerinde iň täze tehnologiýalary özara alyşmak, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary ýurdumyza getirmek maksady bilen maýadarlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri döretmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary bilen giňden tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýän, her ýylda geçirilýän sergiler, duşuşyklar we maslahatlar netijeli göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek hem-de dünýä tejribesi bilen tanyşmak üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum muňa aýdyň mysaldyr. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy şol çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Forumyň öňüsyrasynda geçirilen «Emeli aňy ulanmak arkaly uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň geljegi: nebitgaz känleriniň mümkinçiliklerini açmak» atly mejlisde ýakyn geljekde işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, uglewodorod känleriniň ulanyş çykdajylaryny azaltmak we olaryň ägirt uly kuwwatlyklaryny ýüze çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açýan emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga garaşylýandygy bellenildi. Forumyň öňüsyrasynda geçirilen «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysady we maýa goýum kuwwatynyň ösüş mümkinçilikleri: bilim, syýahatçylyk we telekeçilik ugurlary» atly ikinji mejlisde emeli aň, kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, talyplaryň akademiki alyşmalaryny artdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamak, medeni gatnaşyklar we jogapkärli syýahatçylyk başlangyçlary arkaly durnukly syýahatçylygy ilerletmek üçin bilim ulgamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny» atly plenar mejlisiň gün tertibine energetika diplomatiýasynyň, sebit durnuklylygynyň we ählumumy hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ýurdumyzyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlary girizildi.

«Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa», «Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak», «Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa», «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek: senagat we hyzmatlar ulgamy», «Durnukly geljegi döretmekde arassa energiýanyň orny: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy» atly mazmunlaýyn mejlislerde foruma gatnaşyjylar baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň iri ýataklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda täze gurallar, daşky gurşawa zyýansyz önümçilikleri, innowasion tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleleri maslahatlaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistandaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý hem-de kemala getirilen degişli kanunçylyk binýady daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiliginiň barha artmagynyň möhüm şertidir. Uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýän anyk taslamalaryň çäklerinde häzirki wagtda, hususan-da, Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijilerini tebigy gaz bilen üpjün etmek, Özbegistana, Eýranyň üsti bilen «swap» usulynda Türkiýä gaz ibermek maksady bilen dünýäde iri «Galkynyş» gaz käni özleşdirilýär.

Ulanyşdaky känlerde gazylyp alnyşy artdyrmak, guýulardan nebitiň çykarylyşyny ýokarlandyrmak, häzirki zaman nebithimiýa toplumlaryny gurmak boýunça taslamalara hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze gurallaryna hem garaldy. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit ýataklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmäge hem aýratyn üns berildi.

Ugurdaş pudaklaryň hünärmenleri forumda uglewodorod baýlyklaryny agtarmakda we gazyp almakda döwrebap çemeleşmeler, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek, nebiti we tebigy gazy çuň gaýtadan işlemek, ýokary baha goşulan, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebit hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça teklipleri beýan etdiler.

Daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri özleriniň çykyşlarynda toplan tejribelerini we täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda innowasiýa taslamalaryny paýlaşdylar. Gün we ýel energiýasyndan, bioýangyçdan iş ýüzünde peýdalanmak barada synag-tejribe işläp taýýarlamalaryna foruma gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary we işewür düzümleri bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. 14-nji maýda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen halkara derejeli duşuşygy we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi hem munuň güwäsidir.

Halkara derejeli duşuşyga ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň nebitgaz pudagynyň hem-de Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.

Ekoulgama aýawly çemeleşmä, öňdebaryjy tehnologiýalara we daşky gurşawyň abadançylygy babatda geljek nesilleriň hukuklaryny goramaga esaslanýan ekologiýa talaplary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşinde möhüm şerti kesgitleýär.

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda tehnologiýalar we howanyň üýtgeýän şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň, daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmakda amaly çözgütleri işläp taýýarlamagyň hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly tehnologiýalary we adam maýasyny ösdürmegi ugur edinen forumyň baş maksady ýurdumyzyň we iri energetika kompaniýalarynyň, abraýly guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Halkara energetika agentliginiň, şeýle hem «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd», «CNPC», «Dragon Oil», «Eni S.p.A.» ýaly meşhur halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarydyr esasy hünärmenleri ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşdylar.

Forum «Energetiki geljek, täze tehnologiýalar we uglewodorod serişdeleriniň işlenip taýýarlanylmagyndaky ekologiýa aýratynlyklary» hem-de «Adam maýasy ekologik jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylary babatyndaky meseleleri çözmekde hünär bilimini we innowasiýalary ulanmak» atly iki mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

Mejlislerde halkara derejeli bilermenler türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar hem-de köp mukdardaky kömürturşy gazy saklanýan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Türkmen alymlary hem bu ugurda täze ylmy işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrdylar. Şeýle hem durnukly howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmäge we ekologiýa töwekgelçiligi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga aýratyn üns çekildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak maksadynda özüniň baý serişdelerinden, strategik taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak, parahatçylyga ygrarlylygyny görkezmek bilen, dünýäniň energetika pudagynyň geljegini kemala getirmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredýär.

Soňky habarlar
20.10
Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
20.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşy
20.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
20.10
Energetika howpsuzlygy — ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry
20.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy
19.10
Parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
17.10
Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy
top-arrow