Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 07.10.2025
40

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna beslenen sentýabr aýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we daşary ýurtlar bilen giň hyzmatdaşlyk syýasaty bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara giňişlikde alyp baran işjeň hereketleri bilen häsiýetlendirilýär.

1-2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem-de ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda himiýa, energetika, ulag, oba hojalygy, bilim, sport, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini nygtadylar. Halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümlerinde, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” sebitleýin hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigi tassyklanyldy.

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Amakawa Kazuhiko bilen geçirilen duşuşykda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hususan-da, JBIC bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bilelikde amala aşyrylýan hem-de nebitgaz, elektroenergetika, himiýa we beýleki pudaklarda iri desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilen taslamalaryň netijeliligi nygtaldy.

Şu ýylyň 25-nji awgusty — 5-nji sentýabry aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň we Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşleriniň yzygiderli ikinji sessiýalary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllarda ýurt boýunça maksatnamalary tassyklanyldy.

8-nji sentýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Finlýandiýanyň ÝHHG-niň ýanyndaky Ýörite wekili Teri Hakala bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer meseleleriň çäklerinde köpýyllyk hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar howpsuzlygy, energetiki geçişi, ulag özara baglanyşygyny üpjün etmekde umumy tagallalary utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

10-njy sentýabrda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlaryna garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşykda taraplar bu merkez bilen gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlary gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri boldy.

11-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine ygrarlydygy ýene-de bir gezek nygtaldy. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen maslahatlary yzygiderli guramagyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Doha şäherinde geçirilen Arap döwletleriniň Ligasyna agza ýurtlaryň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary mejlisine, şeýle hem adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy. Saparyň dowamynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, Premýer-ministri, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim Al Tani we beýlekiler bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

15-16-njy sentýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Hazar deňzi bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy, hyzmatdaşlygyň ugurlaryna syn berildi.

15 — 19-njy sentýabrda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine bolan saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 69-njy sessiýasynyň işine gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde suw serişdelerini dolandyrmak, howpsuz agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek, howanyň üýtgeýän şertlerinde durnukly suw üpjünçiligi ulgamlarynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin dürli tehnologiýalary ulanmaga bagyşlanan “Atoms for Water” atly ylmy forum geçirildi. MAGATE-niň Baş direktorynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda bolsa Türkmenistanyň bu agentlik bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzuk bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň wajyp meselelerine garaldy.

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al-Ansari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy bellenildi.

BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen geçirilen duşuşykda bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy hem-de ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 16-njy sentýabrda Moskwada iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygy meselesi boýunça geňeşmeler guraldy.

16 — 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti “Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde döwletiň, işewürligiň we halkara jemgyýetçiligiň hyzmatdaşlygy” atly XIX halkara foruma gatnaşdy. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda guraldy. Forumda öňdebaryjy hünärmenler maglumat howpsuzlygy ulgamynda möhüm meseleler boýunça pikir we tejribe alyşdylar.

17-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň wajyp meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek maksady bilen, ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki işiň zerurdygy bellenildi.

“Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda nebitgaz, himiýa we gurluşyk senagatynda Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. Şeýle hem Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirýän koreý kompaniýalarynyň netijeli işi bellenildi.

18-19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Ýurdumyzyň we dünýäniň işewür toparlary üçin möhüm waka öwrülen bu forumyň maksady ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge gönükdirilendir.

22-nji sentýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşan bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda sebitara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Arkadag şäherine ýokary baha berildi. Şu ýylyň 13-nji martynda Hançžou Dýanszi uniwersiteti tarapyndan bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasy gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalar, emeli aň we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, şol sanda “akylly” şäher taslamasy, şäher infrastrukturasynda döwrebap çözgütler babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Nýu-Ýork şäherinde dowam edýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary Rabab Fatima, Rozmari Dikarlo, Migel Anhel Moratinos, şeýle hem Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrila bilen duşuşyklary geçirildi. Taraplar BMG-niň çäklerinde bilelikdäki işi giňeltmäge, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de durnukly ösüş babatda ählumumy Gün tertibini yzygiderli ilerletmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda dürli ugurlarda, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz, himiýa, dokma senagaty we beýleki ulgamlarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalara innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Çalyk Holding”, “Rönesans Holding” kompaniýalarynyň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy enjamlary ulanyp, Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen geçiren duşuşygynda bu kompaniýa bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda Aşgabat şäheriniň keşbiniň özgermegine oňaýly täsir eden köp sanly binagärlik we infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylandygy bellenildi.

27-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşykda köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 29-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça Bütindünýä konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Onuň dowamynda medeni ulgamda halkara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda medeni hukuklary üpjün etmek, sanly tehnologiýalar, medeniýetiň we bilimiň özara baglanyşygy, medeniýetiň ykdysadyýeti, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, medeni mirasy aýawly saklamak, bu ulgamda emeli aňy ulanmagyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde duşuşyklar we ugurdaş çäreler hem geçirildi.

29-njy sentýabrda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Taraplar ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, möhüm ähmiýetli resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garadylar we tassykladylar.

30-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnan bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň möhüm halkara wakalary halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň, ählumumy abadançylygyň bähbidine hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan uly işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
2025-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitindäki ÇYKYŞY
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 31 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant
top-arrow