Şu gün — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.
Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.
...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar.
Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.
Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
...Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.
Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdi. Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biri hasaplanýar. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, il-halky söýmegiň beýik mekdebidir.
...Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.
Hakyda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky özboluşly arabaglanyşyk bolup, adamlaryň watansöýüjilik we agzybirlik duýgularyny ösdürýär, olary has-da jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär, milli buýsanjymyzyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy, taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy, türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi, halkymyzyň taryhyna, baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi ata-babalarymyza we olaryň gahrymançylykly ýoluna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap gül desseleriniň goýlandygyny belläp, berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.
Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Şu gün Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.