Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.10.2025
1355

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şanly sene halkyňyzyň taryhynda özygtyýarlylygyň we erkinligiň nyşany bolup durýar. 1991-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolup, täze, özygtyýarly döwletiň binýadyny gurdy.

Gruziýa Türkmenistan bilen milli bähbitlere, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň geljekde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna, onuň halklarymyzyň abadançylygyna, biziň sebitlerimiziň — Günorta Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Mihail Kawelaşwili,
Gruziýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Malta Respublikasynyň halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleri açýar. Malta Respublikasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmegiň bähbidine Türkmenistan bilen köptaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge umyt edýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Miriam Spiteri Debono,
Malta Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we ýurduňyzyň ähli halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi meni diýseň begendirýär. Türkmenistan Wengriýa üçin Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş bolup durýar we biz dostlukly gatnaşyklarymyzy iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyrys.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamaş Şuýok,
Wengriýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gresiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Konstantinos Tasulas,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň Hökümetine hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Mohamed Muizzu,
Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Kanadanyň ähli halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Kanada bilen Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Kanada netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär hem-de ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, BMG ýaly iri guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Meri Meý Saýmon,
Kanadanyň General-gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Bolgariýanyň halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Türkmenistan Bolgariýa Respublikasy üçin Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş bolup durýar hem-de biz Türkmenistan bilen geljekde-de dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyrys.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rumen Radew,
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn we okgunly häsiýete eýedigine kanagatlanma bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Wan der Bellen,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow