Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Prezident!
Gadyrly doganym!
Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt hökmünde Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Umumy taryhymyza, medeniýetimize esaslanýan gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalarymyz bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Hindistan bilen Türkmenistany birek-birege hormat goýmak, umumy bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, gadymy siwilizasiýalar, köpasyrlyk medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Halklarymyzyň bähbidine onuň geljekde has-da giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Draupadi MURMU,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan hoşniýetli gatnaşyklar has-da pugtalansyn!
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Ispaniýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk, parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
FILIPP VI,
Ispaniýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu şanly sene azatlygyň, erkinligiň aýdyň nyşanydyr. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, gazanýan üstünliklerine hormat goýýandygymyzy beýan etmek isleýärin.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Ýakow MILATOWIÇ,
Çernogoriýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Nikaragua Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adymyzdan Size we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymyzy beýan edýäris. Bu taryhy sene birek-birege ösüş, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan etmäge, hyzmatdaşlygy we özara goldawy çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygymyzy tassyklamaga mümkinçilik berýär.
Jenap Prezident, Size we Türkmenistanyň halkyna belent hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy kabul ediň!
Daniel ORTEGA we Rosario MURILO,
Nikaragua Respublikasynyň ýolbaşçylary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Ýakymly pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mahamat Idris Debi ITNO,
Çad Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Singapuryň halkynyň adyndan Size we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy, parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Tarman ŞANMUGARATNAM,
Singapur Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Wýetnamyň we ýurdumyzyň halkynyň adyndan Size hem-de ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Wýetnamda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär hem-de ýurduňyzyň Siziň baştutanlygyňyzda durmuş-ykdysady ösüşde täze belent sepgitlere ýetjekdigine, halkara giňişlikde abraýyny has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.
Biz Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris hem-de halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyzy utgaşdyrjakdygymyza ynanýarys.
Jenap Prezident, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Lyong KYONG,
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Size abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Abdulla bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim AL TANI,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Owganystanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Owganystan we Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, iri strategik ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Biziň ýurdumyz özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyr.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, mundan beýläk-de üstünlik, gülläp ösüş dileýärin.
Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.