Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Syýasy habarlar
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Çap edildi 28.09.2025
41

Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlaryň dakylmagy hem-de hünär derejeleriniň berilmegi olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna ýokary bahadyr.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol — Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde biziň ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýär we halkymyzyň parahat, abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün edýär. Harby gullukçylara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem olaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýle-de Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Berkarar Watanymyza, halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli berlen ýokary döwlet sylaglaryny uly buýsanç bilen kabul eden harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mundan beýläk-de gulluk borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdikleri barada harby kasamy kabul etdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanylýar. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglaryny kabul edip, Watana ebedi wepalylygyň, türkmen halkynyň parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Harby gullukçylar türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dowam etdirjekdiklerini nygtap, ýokary döwlet sylaglary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatda ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny subut edýär.

Soňky habarlar
28.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti“Toyo Engineering Corporation”kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow