Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.09.2025
2018

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary baha mynasypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ilatyň durmuşy we maddy hal-ýagdaýy köp babatda bu pudagyň ösüşine baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz pudagy ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Oba hojalyk toplumyny kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, “IGNFI” kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
top-arrow