Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli filippin halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Mümkinçilikden peýdalanyp, Filippinler bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin. Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna uly üstünlikleri, bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Kiçi Ferdinand MARKOS,
Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Sizi Kuba Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaýaryn. Bu şanly sene biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Migel Mario Dias-Kanel BERMUDES,
Kuba Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Şeýle hem Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Marokko Patyşalygy Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylyp, biziň ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.
Hormatlamak bilen,
MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda tagallalary birleşdirmäge taýýardygymyzy beýan etmek isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!
Mohammed Uld Şeýh GAZWANI,
Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Palestina Döwleti üçin edýän tagallalarynyň ýokary baha mynasypdygyny bellemek isleýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Indoneziýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu şanly sene Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr. Goý, Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ruhunda geljek ýyllarda hem okgunly ösmegini dowam etsin!
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Prabowo SUBIANTO,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, ýurduňyzyň Hökümetine hem-de halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk arzuw edýärin we geljekde hem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigimi tassyklaýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Matamela Siril RAMAFOSA,
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, ýurduňyzyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Kamboja bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ösüş babatda uly mümkinçiliklere eýedir. Özara dialogyň, netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň parahatçylygyň, özgertmeleriň we ýurtlarymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine täze ugurlar boýunça giňeldiljekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hormatlamak bilen,
Norodom SIAMONI,
Kambojanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Marselo Rebelo DE SOUZA,
Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu gün umumy gymmatlyklara, özara hormat goýmaga esaslanýan berk dostluk gatnaşyklarymyzy, şeýle hem halklarymyzyň parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky garaýyşlaryny özünde jemleýän umumy maksadymyzy tassyklaýan şanly senedir. Şu pursatda biz Bangladeş bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halklarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlygymyzy özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda has-da giňeltmäge berk ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed ŞAHABUDDIN,
Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Latwiýanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Latwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini üpjün etmek ýaly umumy maksatlarymyza ýetmäge itergi berjekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Hormatlamak bilen,
Edgar RINKEWIÇ,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Ramçandra PAUDEL,
Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Bu taryhy gün türkmen halkynyň özygtyýarlylygynyň, agzybirliginiň, yzygiderli ösüşleriniň buýsançly subutnamasydyr. Pakistan Türkmenistan bilen ozaldan dowam edip gelýän, özara ynanyşmaga, medeni ýakynlyga, parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk ugrundaky umumy maksada esaslanýan doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Söwda we energetika ulgamlarynda, sebitara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ösdürilýän gatnaşyklarymyzyň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Asif Ali ZARDARI,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň şanly baýramy mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna gutlaglarymy hem-de parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy iberýärin.
Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine geljekde-de dürli derejede okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn. Rumyniýa Türkmenistanyň sebit we halkara derejede durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berýär hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini, ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamagyny dowam etdirer. Rumyniýa Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli dialog, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyrylmagyny goldaýandygyny tassyklaýar.
Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Nikuşor DAN,
Rumyniýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Sloweniýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlamaga, ýurduňyzyň halkyna parahatçylyk, hemmetaraplaýyn ösüş, abadançylyk arzuw etmäge rugsat ediň!
Sloweniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyz özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady emele getirýär. Dialogyň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde raýatlarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygymyza, ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we özara düşünişmäge goşant goşjakdygymyza ynanýaryn.
Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Nataşa PIRS-MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Sizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn, ýurduňyzyň ösüşiniň, halkyňyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.
Kim Çen YN,
Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza we türkmen halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Aleksandr STUBB,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.