Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2025
2126

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar.

Fransuz işewürleri wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz myhmanlary mähirli mübärekläp, “Buig” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol döwürde kompaniýa halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk gelýän taslamalary amala aşyrýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewürleriň şu gezekki saparynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, kompaniýanyň Türkmenistandaky işiniň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, her ýyl medeni-durmuş we jemgyýetçilik maksatly täze desgalar bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üsti ýetirilýär. Aşgabat halkara hem sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde ornuny pugtalandyryp, okgunly ösmegini dowam etdirýär. “Buig” kompaniýasy 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kompaniýanyň jogapkärçiligiň ýokary derejesini görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini nygtady. Bilelikde amala aşyrylan taslamalar Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, şol sanda ýurdumyzyň gurluşyk, inženerçilik-senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Kompaniýa öz işinde innowasiýalary, milli özboluşlylyk bilen sazlaşykly utgaşýan döwrebap binagärlik çemeleşmelerini işjeň ulanýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzyň “Buig” kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Marten Buig bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow