Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2025
1813

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Marten Buig ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda işlemegiň ýolbaşçylyk edýän düzümi üçin uly mertebedigini belläp, daşary ýurt kompaniýalaryna, şol sanda “Buig” kompaniýasyna türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin hoşallygyny beýan etdi. Marten Buig şu gün hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki täze ugurlary barada pikir alşylandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mähirli mübärekläp hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär we şol döwürde paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, Aşgabat halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidip, okgunly ösmegini dowam etdirýär. Her ýyl hil we gözellik babatda ýokary standartlara laýyk gelýän täze, döwrebap desgalar bilen paýtagtymyzyň binagärlik infrastrukturasynyň üsti ýetirilýär. “Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda “Buig” kompaniýasy hem bar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Marten Buig bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow