Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Konsertiň maksatnamasy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän köpöwüşginli we ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlar bilen tapawutlandy. Medeniýet, sungat ussatlary durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýdym-sazly eserleriniň üsti bilen beýan etdiler.
Garaşsyzlyk güni özbaşdak türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr. Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Her bir halkyň durmuşynda ykbal özgerdiji döwürler bolup, olar ýurduň taryhynda täze tapgyryň başlanmagyna badalga berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini has-da berkidip, parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky gülläp ösýän zamanasyna öwrüldi.
...Mejlisler merkezinde baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň buýsanç duýgularyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hemme baýramçylyklar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Olar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýene bir gezek göz ýetirdiler.
Watançylyk mazmunly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhratlandyrdy. Esasy mazmunynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryny-da özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň mümkinçiliklerini beýan edýän özboluşly žanrdaky eserler bilen has-da ýatda galyjy boldy. Çykyşlary bir umumy mazmun birleşdirip, ol Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerine buýsançda, mähriban topragymyzyň gözelliginde, adamzadyň baky gymmatlyklarynda we milli jebislikde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle ajaýyp günde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň ykrar edilmeginiň özboluşly nyşanydyr.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy konsertiň özboluşly mazmunyny ýüze çykardy. Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Şol üstünlikleriň hatarynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri aýratyn örboýuna galýar. Şoňa görä, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherini wasp edýän çykyşlar hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Giň sahnada dörän şatlyk-şowhun beýik baýramy täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan bagtyýar türkmenistanlylaryň başdan geçirýän duýgularyny aýdyňlyk bilen görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym konserte gatnaşýan medeniýet we sungat ussatlarynyň birnäçesiniň, meşhur tans toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanyp, Aziýanyň merjeni hasaplanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagtynyň täze taryhy döwürde gazananlarynyň senasy hökmünde kabul edildi. Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazan, Milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan beýik döwrümiziň gazananlaryny wasp edýän watançylyk aýdymlary hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Ýerine ýetirilen çykyşlarda halkymyzyň bir supranyň başynda toý tutuşy giňden beýan edilip, agzybirligimiziň waspy ýetirildi. Çünki hut halkymyzyň agzybirligi, ägirt uly döredijilik kuwwaty netijesinde Bitarap Türkmenistan ýokary depginde sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi. Gysga döwürde gazanylan syýasy we ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we döredýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny has-da artdyrdy.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Garaşsyz Diýarly, Arkadagly Serdarly baky bagtyýar türkmen” atly ajaýyp aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Bu joşgunly aýdym halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana geljege tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanjynyň beýany boldy.