Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 27.09.2025
1823

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi her ýylyň tylla güýzünde mähriban Watanymyzda uly dabaralara beslenip, zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriňiz elmydama rowaçlyklara beslensin!

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz Siziň beýik işleriňizden ruhlanyp, yhlasly, döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýär, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar. Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda welaýatlarymyzda täze, döwrebap obalaryň, şäherçäniň we awtomobil köprüleriniň, paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylmagy, Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň öýleriniň açarlarynyň gowşurylmagy, şeýle-de täze etraplaryň döredilmegi watandaşlarymyz üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy. Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň geçirilmegi bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň, geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadyny şöhratlandyrdy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siz: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi» diýip belleýärsiňiz. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 34 ýyllyk döwürde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, halkara giňişlikde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde belent-belent sepgitlere ýetilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle hem Arkadag şäherinde, welaýat, etrap merkezlerinde, güneşli Diýarymyzyň her bir sapaly künjeginde halkyň medeni-ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrjak, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk we medeniýet öýleriniň, sport merkezleriniň, dolandyryş we edara jaýlarynyň, halk hojalyk we senagat ähmiýetli desgalaryň, ýollaryň sany artýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň durmuşa geçirýän beýik işleriňiziň netijesinde bu günki günde türkmen döwleti barha kämilleşip, baý taryhyna we ajaýyp däp-dessurlaryna eýe bolan, parahatçylygy we dost-doganlygy öňe sürýän Garaşsyz döwlet hökmünde tanalýar. Siz dünýä bileleşiginiň belent münberinden abadançylyk, hyzmatdaşlyk, ösüş baradaky beýik başlangyçlary öňe sürýärsiňiz, ol başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldaw tapýar, olar boýunça anyk işlere badalga berilýär. Siziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşyp, Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegiňiz munuň aýdyň subutnamasydyr.

Täze taryhy döwrümizde Türkmenistan BMG we beýleki abraýly halkara guramalar, şeýle-de dünýä ýurtlary bilen has-da berkidilýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyryp, netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Halkara forumyň jemleri boýunça 2024 — 2034-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi, Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalarynyň netijeli häsiýetini şertlendirdi.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, dünýäde parahatçylyk, dostluk hem-de hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tutumly toýlara beslensin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow