Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 25.09.2025
1734

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size mahsus bolan ýolbaşçylyk ukyp-başarnygyňyz, mizemez erkiňiz hem-de ýokary watançylyk häsiýetleriňiz Türkmenistanyň durnukly ösüşine, onuň halkara giňişlikdäki ornunyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen strategik wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ygtybarly kepilidir.

Size tüýs ýürekden abadançylyk we rowaçlyk, egsilmez güýç-kuwwat, ähli başlangyçlaryňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyny arzuw edýärin. Şatlykly pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, döwlet işiňizde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Olžas BEKTENOW,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Türkmenistanyň ýakyn geljekde öňde goýan maksatlaryna ýetjekdigine, ösüşiň we halkara giňişlikde öz ornuny pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

Ermenistan Respublikasynda dostlukly Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Ähli ulgamlarda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekde-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly halkyň bagtyýarlygynyň we Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikol PAŞINÝAN,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz jogapkärli döwlet wezipelerinde üstünlikli işlän ýyllaryňyzda Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny berkarar etmegiň ýolunda uly hyzmatlary bitirdiňiz. Siz parasatlylyk, Watana çäksiz söýgi hem-de eziz ýurduňyzyň bähbidine çuňňur düşünmek ýaly häsiýetleriňiz bilen watandaşlaryňyzyň we halkara hyzmatdaşlaryň belent hormatyna mynasyp bolduňyz.

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Sankt-Peterburg şäheriniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Biz geljekde hem ynanyşmak, özara goldaw bermek we hormat goýmak ruhunda işewürlik, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys. Russiýanyň demirgazyk paýtagty bilen gatnaşyklara yzygiderli üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Peterburg-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça peterburg başlangyçlarynyň geljekde hem Siziň goldawyňyza eýe boljakdygyna, olaryň biziň ýurtlarymyzyň we şäherlerimiziň gülläp ösmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Aleksandr BEGLOW,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow