Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen wekiller, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýörelgeden ugur alnyp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar.
Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň diwarlygy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginde dowam edýär. Diwarlykda ýerleşdirilen monitorda şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada gürrüň berilýär.
Gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir. Şunda nebitgaz toplumynyň pudaklaryna aýratyn orun berlipdir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň biri hökmünde nebitgaz toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Nobatdaky sergide hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlary giňden beýan edilýär. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler, öndürilýän önümleriň nusgalary görkezilýär.
Bu ýerde ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem möhüm orun berlipdir. Giň gerimli gözden geçirilişde pudaga Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmenpagta» döwlet konserni, «Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat», Türkmenistanyň Azyk senagaty, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşikleri wekilçilik edýärler. Olaryň diwarlyklarynda ýokary hilli azyk önümleri, pudaga ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy hem-de seçgiçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalygyndaky özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň eýeleýän orny barha artýar. Şu günki sergä oba hojalygyna ýöriteleşen hususy kärhanalaryň, şol sanda balyk hojalygy bilen meşgullanýan «Täze balyk», «Elin balyk» hojalyk jemgyýetleriniň, hindi towugyny ösdürip ýetişdirmäge, onuň etinden dürli önümleriň önümçiligine ýöriteleşen «Maksada okgunly» hususy kärhanasynyň gatnaşmagy hem muny doly tassyklaýar.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde ulag-aragatnaşyk toplumyna wajyp orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary», Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklarynyň döredilmegi toplumyň ösüşinde täze sahypany açdy. Bu düzümler hem nobatdaky sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Olaryň sergi bölümlerinde ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtomobil, demir ýol, howa merkezlerine çykmak arkaly gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamyny döretmek, Türkmenistany Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy üstaşyr merkeze öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler şöhlelendirilýär.
Gurluşyk we senagat toplumy hem türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly hem-de batly depginde ösýän ugry bolup durýar. Munuň şeýledigine topluma wekilçilik edýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümlerinde-de göz ýetirmek bolýar. Olarda täze ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat desgalarynyň we beýleki infrastruktura taslamalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalardyr tehnologiýalar görkezilýär. Ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda, bezeg işlerinde ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ajaýyp desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, olaryň gurluşygynda peýdalanylýan döwrebap tehnologiýalar innowasion ösüş ýoluna düşen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ägirt uly ykdysady we döredijilik kuwwatyna eýedigine şaýatlyk edýär.
Sergide «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy hem öz diwarlygyny ýaýbaňlandyrypdyr. Bu ýerde kärhanada öndürilýän dürli görnüşli aýna önümleri, aýna gaplardyr çüýşeler görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyp ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Bu kärhana ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Soňky ýyllarda Diýarymyzda köp sanly gurluşyk taslamalarynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýandygyny nygtamaly. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şolaryň hatarynda «Ojar Aziýa», «Nur bina gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk» ýaly gurluşyk pudagyna ýöriteleşen hususy kärhanalar, gurluşyk serişdelerini, boýaglary we gurluşyk garyndylaryny öndürýän «Türkmen bina gurluşyk», «Ak bulut», «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetleri, polat turbalary we profilleri öndürýän «Şanly Bedew», keramika önümlerini hödürleýän «Eziz doganlar keramika» hususy kärhanalary hem bar.
Himiýa senagaty-da ýurdumyzda geljegi uly ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky önümhanalarda mineral dökünleriň, nebithimiýa, gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şu günki sergide hem Türkmenabatdaky fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Balkanabat», «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň önümleri görkezilýär. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, sergide nebithimiýa önümleriniň önümçiligine ýöriteleşen hususy kärhanalar hem öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin «GM Oil» haryt nyşanly çalgy we motor ýaglaryny, antifrizleri, «GM plast» haryt nyşanly polipropilen we plastik önümleri öndürýän «Geljege miras» hususy kärhanasy, «Alfa» haryt nyşanly motor ýaglaryny öndürýän «Yhlasly nazar» hususy kärhanasy bar.
Sergä «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşýar. Bu jemgyýet ýurdumyzda soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän iň iri infrastruktura taslamalarynyň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny amala aşyrýar. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometr bolan awtobanyň gurulmagy Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, ýük daşamalary artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.
Gözden geçirilişde söwda toplumynyň garamagyndaky düzümlere möhüm orun berilýär. Bu ýerde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, welaýatlaryň Alyjylar jemgyýetleri, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda et, süýt, unaş we konditer önümleri, ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miweler, gök önümler, guradylan miweler, ary baly we beýlekiler bar. Şol önümleriň halkara standartlaryň ekologik, estetik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek. Bu ýerde azyk önümçiligine ýöriteleşen hususy kärhanalar hem öz harytlaryny hödürleýärler. Şolaryň hatarynda «Hasar», «Täze Aý», «Ýüpekçi», «Parahat», «Tomus», «Bars» ýaly önüm öndürijiler bar.
Şeýle hem sergide söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri, dürli görnüşli harytlaryň satuwy boýunça ýöriteleşen dükanlaryň guraýan işi bilen tanyşdyrylýar. Harytlaryň köpdürlüligi soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyny, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Bu aýdylanlar dürli nusgada öndürilen hojalyk elektronika harytlarynyň önümçiligine hem degişlidir.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň diwarlyklary-da sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olarda söwdany guramak işinde ykdysady özgertmeleriň oňyn täsiri beýan edilýär. Sergä Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy-da öz pawilýony bilen gatnaşýar. Standartlary döretmek we ornaşdyrmak boýunça GSI halkara guramasynyň doly hukukly agzasy bolan bu düzüm türkmen kompaniýalaryna öz telekeçilik işini halkara giňişlikde alyp barmaga ýardam edýär.
Dokma senagaty ministrligi milli ykdysadyýetimiziň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini — pagtadan we ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli önümleri görkezýär. Şolaryň hatarynda ministrligiň garamagyndaky dokma toplumlarynda öndürilýän «Gala», «Bedew», «Miras», «Jeýtun», «Nusaý», «Bürgüt» haryt nyşanly nah, ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri bar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, halyçylyk pudagynda zähmet çekýän telekeçileriň, halk senetçileriniň el işleri, döwrebap haly önümleri-de bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Milli lybaslar, kümüş şaý-sepler, nepis haly önümleri ýerine ýetirilişiniň ussatlygy, çeperçiligi bilen haýran galdyrýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary hem myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde bu ýerde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, eýe bolan kuboklarydyr medallary görkezilýär.
Şu gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeniýet hem-de aň-bilim ugurlaryny-da öz içine alýandygyndan ybaratdyr. Bilim ministrliginiň bölümlerinde başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleri bilen tanyşmak mümkin. Çagalar üçin synp otaglary, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, taslamalaýyn ylmy işläp taýýarlamalary, okuw edebiýatlary, talyplaryň abraýly intellektual olimpiadalarda gazanan kuboklary ösüp gelýän ýaş nesilleriň biliminiň, ýurdumyz üçin geljekki alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ýokary derejededigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň diwarlygy ýerleşdirilip, onda ýurdumyzyň ylymda gazananlary, döwrebap ylmy-barlag enjamlary, gadymy golýazmalar, ylmy neşirler görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Ylymlar akademiýasy Diýarymyzda ylym ulgamynyň binýadyny emele getirýär. Onuň garamagyndaky institutlarda alnyp barylýan ylmy-barlag we gözleg işleri takyk, tebigy, ynsanperwer ugurlarda täze açyşlara hem-de üstünliklere itergi berýär.
Maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda möhüm orny eýeleýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän döwrebap kompýuterleri, monitorlary, monobloglary, noutbuklary, töleg terminallary we beýleki önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalary, derman önümlerini, dürli enjamlary, tebigy kosmetiki serişdeleri görkezýär. Dürli görnüşli interaktiw-media taslamalaryny hödürleýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň diwarlygy hem üns merkezinde boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy häzirki zaman neşirýat we çaphana işine bagyşlanýar. Syýahatçylyk ýaly çalt ösýän pudagyň wekilleri ýurdumyzyň gazananlarynyň halkara giňişlikde wagyz edilmegine, türkmen halkynyň baý taryhynyň we medeniýetiniň, täsin tebigy ýerleriniň, taryhy-medeni ýadygärlikleriniň tanyşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Syýahatçylyk kompaniýalary serginiň myhmanlaryny bu ugurdaky mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýar.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň lybaslarynyň dabaraly görkezilişi hem guraldy. Sergi 20-nji sentýabrda öz işini tamamlar.