Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynanýaryn.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş ugurly çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze obalar, şäherler bina edilip, halkymyzyň ýokary hilli ýaşaýyş şertleri üpjün edilýär. Bu tutumly işler ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär. Munuň şeýledigine her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyzlygyň beýik maksatlara beslenen ösüş ýolunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimiziň binýatlyk esaslary syýasy, kanunçylyk, ykdysady taýdan has-da berkidildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky ösüşler milli mirasymyz hem-de häzirki zamanyň ruhy-aňyýet talaplary esasynda ýokary derejelere ýetirildi.
Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin döwrüň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan täze kärhanalar yzygiderli gurlup işe girizilýär. Olarda öndürilýän dürli görnüşli, ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümlerimiz içerki bazary üpjün etmek bilen birlikde, dünýä bazarlarynda hem barha giňden orun alýar. Durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan, häzirki zaman demokratik we dünýewi döwlet hökmünde tanalýar. Çünki türkmen halkynyň saýlap alan ýoly gurmagyň we döretmegiň ýoludyr. Bu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Eziz adamlar!
Biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli başlangyçlarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendir. Biz eziz Diýarymyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzy doly derejede amala aşyrarys.
Hormatly adamlar!
Gadyrly ildeşler!
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, türkmen döwletiniň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.