Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
Çap edildi 18.09.2025
1884

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzda kabul edilen döwlet ähmiýetli orta we uzak möhletli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň, strategiýalardyr konsepsiýalaryň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu çäre durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri, sanly üpjünçilik ulgamy, sanly innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleler babatda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň Diýarymyzyň innowasion tehnologiýalar pudagynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmagyna, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öndürilýän önümleriň hilini halkara derejä ýetirmäge giň şertleri döreder. Bu möhüm ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, döwletimiziň baý tebigy we çig mal mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy, dürli ugurlarda hususy ulgamyň önümçilikleriniň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara, döwrebap senagat we önümçilik taslamalaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä döwletleri, halkara guramalar, şol sanda halkara maliýe we ykdysady guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi Watanymyzyň maýa goýum kuwwatynyň artmagyna uly itergi berer.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
top-arrow