Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreler
Ykdysadyýet
BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreler
Çap edildi 06.08.2025
340

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olaryň dowamynda bu döwletlerde durnukly ösüşi gazanmak we ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça netijeli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan guralan “Halkara ulag geçelgelerinde resminamalaryň dolanyşygyny sanly ulgama geçirmek” atly mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady ösüşi we integrasiýasy üçin möhüm meselelere, hususan-da, halkara ulag geçelgeleriniň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, DÇBÖBD-niň geografiki ýerleşişi sebäpli dünýä bazarlaryna çykmak, ýokary ulag çykdajylary ýaly meseleleri çözmekde tagallalaryny birleşdirmekleri zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara logistika zynjyrlarynda elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmagyň möhümdigi hem-de bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň, innowasion tehnologiýalaryň orny bellenildi. Şeýle hem halkara ulag geçelgelerinde resminamalaryň dolanyşygyny sanly ulgama geçirmekde degişli hukuk binýadyny we platformany döretmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan umumy päsgelçilikleri kesgitlemek, bu ugurda netijeli çözgütleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin teklipler beýan edildi.

Ýer we suw serişdeleri hem-de söwda ugurlarynda toplumlaýyn çözgütler üçin maliýe serişdelerini çekmek mowzugyna bagyşlanan çärede özara baglanyşykly bu üç ugruň DÇBÖBD-de durnukly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bu ýurtlarda, köplenç, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, suwuň tygşytsyz ulanylmagy, howanyň üýtgemegi, ýerleriň ekin üçin ýaramsyz bolmagy ýaly meseleler ýüze çykýar. Munuň özi azyk howpsuzlygyna, ekoulgamyň durnuklylygyna we ilatyň umumy abadançylygyna oňaýsyz täsir edýär.

Bu meseleleriň çözgüdi ýer, suw we söwda arasyndaky baglanyşyklary göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Şunda maýa goýumlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, suw serişdelerinden netijeli peýdalanylmagy, öz gezeginde, oba hojalygynda möhüm bolan suwuň elýeterliligini üpjün edýär. Şeýle çylşyrymly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi möhüm maliýe çeşmelerini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlary maliýeleşdirmegiň mehanizmlerini öwrenmek, döwlet we hususy çeşmelerden maýa goýumlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi.

BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan guralan sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleri boýunça maslahatlaşma bu merkezleriň DÇBÖBD-de oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, DÇBÖBD-de ykdysadyýetiň oba hojalygy möhüm pudaklaryň biridir we millionlarça adamyň esasy girdeji çeşmesidir. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurtlarda oba hojalyk pudagy howanyň üýtgemegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ýaly kynçylyklara sezewar bolýar. Bu päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin innowasion we ylma esaslanýan çözgütleri ulanmak möhümdir. Şunda sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleriniň işi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu merkezler DÇBÖBD-niň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we ekinleriň görnüşlerini ekin dolanyşygyna ornaşdyrmak ýaly zerur wezipeleri ýerine ýetirýär. Bu işler ekinleriň hasyllylygyny artdyrmaga, önümiň hilini ýokarlandyrmaga we oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmaga goşant goşýar. Munuň özi azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy, ykdysady durnuklylygy üpjün etmek ýaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan “Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi” atly ugurdaş çäre ady agzalan meýilnamada kesgitlenen maksatlary durmuşa geçirmek hem-de DÇBÖBD we olaryň hyzmatdaşlarynyň arasynda has netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin tagallalary birleşdirmegi maksat edinýär.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Şol Kararnamada halkara maslahatyň geçirilmeginiň netijesinde 2024 — 2034-nji ýyllar döwri üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny kabul etmek bellenilýär. Bu maksatnama DÇBÖBD-de durnukly ösüşi gazanmak üçin “ýol kartasydyr”. Ol infrastrukturany ösdürmek, ykdysady diwersifikasiýa, öndürijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyny ösdürmek, maliýeleşdirmek, söwdany işjeňleşdirmek, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy talap edýändigine ünsi çekdiler.

Ugurdaş mejlislerde ýaşlaryň başlangyçlaryna hem aýratyn orun berildi. Hususan-da, “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özgerişi üçin ýaş startap başlangyçlary” atly mejlisde ýaş telekeçileriň innowasion mümkinçilikleri we DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini ösdürmekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge goşantlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ýaş nesil özgertmeleriň we täzeçilligiň hereketlendiriji güýjüdir. DÇBÖBD-de ýaşlar ykdysadyýeti we jemgyýetleri özgerdip biljek täze çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedirler. Bu ýurtlaryň dünýäniň ykdysady ulgamyna doly derejeli goşulyşmagy hem-de ýüze çykýan geografik we infrastruktura päsgelçiliklerini ýeňip geçmegi üçin ýaşlaryň startap başlangyçlary aýgytly çözgüt bolup biler. Ýaş telekeçiler ýurtlarynyň özboluşly şertlerine laýyk gelýän çözgütleri taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar. Olar täze pikirleri we çemeleşmeleri getirýärler, täze tehnologiýalary ulanýarlar we şeýlelikde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýärler. Çykyşlarda ýaşlaryň startap başlangyçlaryny goldamagyň we ösdürmegiň diňe bir işewürlige maýa goýum bolmak bilen çäklenmän, eýsem, DÇBÖBD-niň geljegine maýa goýumdygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigi, şeýle hem täzeçil pikirlenip bilýän ýaşlaryň, sanly taslamalar boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň täze neslini ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň ylmyň has möhüm ugurlaryndaky gözleglerini höweslendirmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini görkezmek bolar.

«Oba hojalygynyň haryt pudagyny yzygiderli özgertmek üçin döwlet-hususy maýa goýum modeli» atly ugurdaş çäre DÇBÖBD-de oba hojalygyny durnukly ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

Oba hojalygy DÇBÖBD-de möhüm pudaklaryň biri bolup durýar. Adaty maliýeleşdiriş serişdeleri köplenç bu ýurtlarda pudagyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen birlikde, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti ýüze çykýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet we hususy pudaklaryň çeşmelerini, tejribesini we innowasion kuwwatyny birleşdirmek bu ugurda uly mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny, şunda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijilerini giňden çekmek maksady bilen zerur işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

“Buzluklaryň eremegi we beýleki meseleler: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere täsir edýän howa meseleleriniň derňewi” atly çärede DÇBÖBD-niň howa töwekgelçiligi baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak we olary çözmek üçin utgaşdyrylan strategiýalary işläp düzmek barada pikir alşyldy.

DÇBÖBD-niň ykdysadyýetiniň pudaklaryna howanyň üýtgemegi öz täsirini ýetirýär. Howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň arasynda buzluklaryň eremegine aýratyn üns bermelidir. DÇBÖBD, esasan hem, daglyk sebitlerde, şeýle hem suwaryş, agyz suwy we elektrik toguny öndürmek üçin süýji suwuň esasy çeşmesi hökmünde buzluklardan gözbaş alýan suwlary has köp peýdalanýan döwletler üçin bu mesele has derwaýysdyr. Buzluklaryň çalt eremegi suw akymynyň üýtgemegine, suw joşmalaryna we suwuň hiliniň peselmegine getirýär. Munuň özi uzak möhletde azyk howpsuzlygyna, energiýanyň durnuklylygyna we umumy abadançylygyna oňaýsyz täsir edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ekologik meseleler boýunça başlangyçlara ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Munuň özi suw serişdelerini durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Infrastrukturalara maýa goýum maliýe serişdeleri boýunça maslahatlaşma DÇBÖBD-de durnukly we netijeli infrastrukturany kemala getirmekde maýa goýumlaryň möhüm orny barada pikir alyşmak üçin esasy meýdançalaryň biri boldy. Infrastrukturany ösdürmek diňe bir milli bähbitler üçin däl, eýsem, sebit derejesinde ykdysady ösüşi gazanmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhümdir. Awtomobil ýollary, demir ýollar, köprüler, telekommunikasiýa we inženerçilik ulgamlary DÇBÖBD-ni sebit we dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan, ykdysady diwersifikasiýa goşant goşýan, täze iş orunlaryny döredýän we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan möhüm şertlerdir. Şunda maýa goýumlaryň ähmiýeti has-da artýar. Olar iri infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin uzak möhletli we durnukly maliýeleşdirmegi teklip edip, hususy pudak üçin has-da amatly şertleri döredip biler. Çykyşlarda DÇBÖBD-niň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda, şeýle gaznalaryň döredilmegi we netijeli işlemegi barada teklipler beýan edildi.

Şeýle hem çykyşlarda ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýä döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Ýurdumyzda maýa goýumlar babatynda döredilýän kepillikler hem-de döwlet goldawy ýerli we daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasyndaky arabaglanyşygy berkidýän täze tehnologiýalara bagyşlanan çärede sanly we beýleki häzirki zaman tehnologiýalaryň bu ýurtlaryň geografiki çäklendirmelerini ýeňip geçmek, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny ýeňilleşdirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini çaltlandyrmak üçin möhüm gural bolup durýandygy bellenildi.

Soňky ýyllarda DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri hödürleýän täze tehnologiýalar peýda boldy. Ýokary tizlikli internet, emeli aň, elektron söwda platformalary, logistika we ulag ulgamlary boýunça sanly taslamalar bu ýurtlary has netijeli baglanyşdyryp, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyryp biler. Mejlise gatnaşyjylar bular barada aýtmak bilen, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler.

BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi tarapyndan guralan “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we durnuklylyk: Hereketleriň Kigali maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti” atly ugurdaş çärede bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň we ady agzalan meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

DÇBÖBD-de tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly täsiri has ýiti duýulýar. Bu hadysalar ykdysady ösüşi pese gaçyrýar we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini gijikdirýär. Infrastruktura desgalary tebigy hadysalaryň netijesinde iň köp zyýan çekýän ulgamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýeti üstaşyr geçelgelere bagly bolan ýurtlar üçin tebigy betbagtçylyklaryň täsiri aýratyn zyýanly bolup biler. Şunda Hereketleriň Kigali maksatnamasy bu ýurtlarda durnukly we inklýuziw ösüş üçin giňişleýin ýol kartasydyr. Bellenilişi ýaly, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmaga yzygiderli çemeleşmezden, uzak möhletli durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, durnukly infrastrukturany döretmek we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak mümkin däldir. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Hereketleriň Kigali maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary beýan etdiler.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ählumumy arabaglanyşygy ösdürmekde ýokary derejeli syýasy dialog bu ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine has netijeli goşulyşmagy üçin strategiki çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, hökümetleriň, halkara guramalaryň wekillerini we işewürleri bir ýere jemledi.

Ählumumy arabaglanyşyk häzirki döwürde durnukly ösüşiň esasy görkezijileriniň birine öwrüldi. DÇBÖBD üçin bu arabaglanyşygy ýola goýmak aýratyn ähmiýetlidir. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy düýpli infrastruktura çäklendirmelerini döredýär. Şunda ýokary derejeli syýasy dialog bu päsgelçilikleri aradan aýryp biljek bitewi we strategik çözgütleri durmuşa geçirmek üçin möhümdir. Munuň özi sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge, infrastruktura maýa goýumlary çekmäge we sanly baglanyşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek: durnukly geljek üçin bilelikdäki çözgütler” atly mejlisde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň we hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryna garamazdan, DÇBÖBD-niň ösüş üçin uly mümkinçilikleri bar. Bu ýurtlar tebigy baýlyklara baý, işçi güýji babatda uly mümkinçiliklere eýe, bu bolsa maýadarlaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar hem-de olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär. Bu şertleri durmuşa geçirmek we bar bolan meselelere bilelikdäki çözgütlere esaslanýan toplumlaýyn çemeleşmeler zerurdyr. Bu diňe bir milli tagallalary däl, eýsem, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, syýasy we ykdysady başlangyçlary talap edýär. Munuň özi durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim bolup biler.

Umuman, şu günüň dowamynda geçirilen ugurdaş çäreler we olaryň dowamynda beýan edilenler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň giň durmuş-ykdysady mümkinçiliklere eýedigini, olaryň dünýä ykdysady giňişliginde mynasyp orny eýelemeginiň ählumumy ösüşe goşant goşup biljekdigini görkezdi.

Soňky habarlar
09.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
08.08
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
08.08
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
08.08
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
top-arrow