Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar birleşdirilýär
Syýasy habarlar
Abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar birleşdirilýär
Çap edildi 06.08.2025
351

Şanly waka — 6-njy awgustyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýörite brifing geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl belleniler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hazaryň kenarynda geçirilýän üçünji maslahatynyň dowamynda şu gün ilkinji gezek bellenilýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary hanym Rabab Fatima gözel we ajaýyp Awazada geçirilýän giň wekilçilikli halkara maslahatyň çäklerinde bu taryhy güni dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek bellemegiň özi üçin belent mertebe hem-de uly şatlykdygyny aýtdy.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryna hem-de meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmäge ýardam berjek bu şanly waka bilen hemmeleri gutlap, Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, öňde durýan wezipeleri çözmek üçin hyzmatdaşlyk köprülerini gurmaga hem-de bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasy ähli döwletlere — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna we synçylaryna, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna hem-de beýleki halkara we sebit guramalaryna bu halkara güni gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar, raýat jemgyýeti, hökümete degişli bolmadyk we maliýe düzümleri, hususy pudak, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde, bar bolan meseleler barada habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek arkaly bellemäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu halkara güni ilkinji gezek bellemegiň biziň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny aýtdy.

“Bu gün diňe bir şanly sene däldir. Ol okgunly hereket etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografiýa taýdan uzakda ýerleşýändikleri hem-de deňze göni çykalganyň ýoklugy sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerine ählumumy derejede düşünilmegini çuňlaşdyrmaga çagyryşdyr. Bu meseleler barada bilelikdäki sesimiziň has belent ýaňlanmagyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ykdysadyýetine doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berjek netijeli çözgütleri ilerletmäge hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çagyryşdyr” diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Brifingde nygtalyşy ýaly, geografiýa hiç haçan päsgelçilik döretmeli däldir. Hut şol sebäpli hem Türkmenistan durnukly ösüşiň binýady hökmünde üstaşyr hyzmatdaşlyk, sebit goşulyşmagy we multimodal ulag arabaglanyşygy boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Biziň ýurdumyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amatly şertleri döretmek üçin parahatçylyk dialogynyň, sebit durnuklylygynyň we köptaraplaýyn diplomatiýanyň möhümdigini üýtgewsiz nygtaýar.

2025-nji ýylda bellenilýän şanly seneler — BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bitaraplyk, parahatçylyk, dialog we raýdaşlyk ýaly biziň ählumumy tagallalarymyzyň üýtgewsiz gymmatlyklardygyny ýene bir gezek subut edýär.

Çykyş edenler durnukly ösüşiň, geografiýa taýdan ýerleşýän sebitine garamazdan, ähli ýurtlaryň ählumumy hukugy bolmalydygy baradaky pikiri beýan edip, yglan edilen bu halkara güni diňe bir habarlylyk üçin däl-de, has ýakyn köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere zerur bolan halkara goldawy we maýa goýumlary üpjün etmek üçin peýdalanmaga çagyrdylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününiň ilkinji gezek baýram edilmeginiň raýdaşlyga we jebislige esaslanýan täze gatnaşyklara badalga berjekdigine ynam bildirip, brifinge gatnaşyjylar diplomatiýanyň diňe bir resmi beýannamalar we gepleşikler arkaly amala aşyrylman, ozaly bilen, medeniýetleriň dialogy hem-de özara gatnaşyklar bilen herekete getirilýändigini bellediler. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de olary çalt çözmek üçin bilelikdäki anyk çäreleri işläp taýýarlamak boýunça netijeli dialog meýdançasyna öwrülen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu babatda nusgalykdyr.

Ýygnananlar bildirilen myhmansöýerlik we goldaw hem-de şu gezekki maslahatyň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän möhüm ugurdaş çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň innowasion we durnukly ösüşini üpjün etjek geljegi gurmaga umumy ygrarlylygy tassyklaýandygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
09.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
08.08
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
08.08
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
08.08
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
top-arrow