Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — BMG-niň forumynyň üns merkezinde
Ykdysadyýet
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — BMG-niň forumynyň üns merkezinde
Çap edildi 06.08.2025
4285

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda döwlet we Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, iri kompaniýalaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini jemlän forumy geçirmegiň maksady DÇBÖBD-niň geografik ýerleşişi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini aradan aýyrmaga mümkinçilik berjek netijeli gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, forumyň ikinji gününde dünýä bazarlarynyň elýetersizligi sebäpli, DÇBÖBD-niň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen plenar mejlisleriň barşynda bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm tapgyrdyr. Foruma gatnaşyjy döwletlerden çykyş edenler ýygnananlary ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlary bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen birlikde, bu maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler ulag infrastrukturasyny, şol sanda portlary döwrebaplaşdyrmagyň DÇBÖBD üçin esasy meseleleriň hatarynda durýandygyny belläp, bu işde ekologik abadançylygy üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Täze onýyllyk maksatnama geçilmegi bilen baglylykda, ählumumy, şeýle hem sebit derejesinde ulag ulgamynda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň DÇBÖBD-niň durnukly ösüşini üpjün etmäge saldamly goşant boljakdygyny bellediler. Şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmäge innowasion çemeleşmeleri giňden ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, DÇBÖBD-niň ykdysadyýetleriniň dürli ugurlaryna, şol sanda logistika ulgamyna, infrastruktura hem-de üstaşyr geçirmegiň erkinligini üpjün etmäge maýa goýumlaryň çekilmegi bar bolan meseleleri oňyn çözmäge mümkinçilik berer.

Çykyşlarda DÇBÖBD-niň bähbitlerini nazara almak bilen ýurtlaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny goldamaga, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek işine goşulmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Plenar mejlislerde bellenilişi ýaly, geljek on ýyl üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy milli derejede kabul ediljek çäreleri, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen strategiýany öz içine alýar. Nygtalyşy ýaly, bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň täze mümkinçilikleri babatda geljege gönükdirilen “ýol kartasyna” öwrülmelidir.

Soňky habarlar
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
13.03
“Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
13.03
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
13.03
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
top-arrow