Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreler geçirildi
Ykdysadyýet
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreler geçirildi
Çap edildi 05.08.2025
153

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine gönükdirilen meselelere bagyşlandy. Munuň özi söwda, ulag, sanlylaşdyrma ulgamlaryndan başlap, häzirki zamanyň gün tertibinde durýan dürli ugurlary öz içine alýan pikir alyşmalara, bu ýurtlaryň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezdi.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Iş maksatnamasy boýunça maslahatlaşma esasy çäreleriň biri boldy. Oňa gatnaşyjylar bu maksatnamanyň çäklerinde gazanylan ösüşe, heniz çözülmedik meselelere, şeýle hem DÇBÖBD-niň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, olaryň dünýäniň söwda ulgamlaryna goşulyşmagyna bu maksatnamanyň ýetirýän täsirine seljerme berdiler. BSG-niň Iş maksatnamasy halkara söwdanyň dürli taraplaryny öwrenmäge we düzgünleşdirmäge gönükdirilen giňişleýin başlangyçdyr. Ol açyk, deňeçer söwda ulgamyny ösdürmek üçin döredilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Iş maksatnamasy ösüp barýan ýurtlarda kiçi we orta kärhanalarda söwdanyň ösüşine goldaw bermek, infrastrukturalara, tehnologiýalara elýeterliligi gowulandyrmak, serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly maksatlardan ugur alýar. Mejlisde söwdany ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak hem-de bu ýurtlary nyrhlary döretmegiň ählumumy, sebit ulgamlaryna has netijeli goşmak arkaly DÇBÖBD-ni ykdysady taýdan özgertmek üçin strategik çemeleşmelerdir mehanizmler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň geografik taýdan alysda ýerleşmegi bilen baglanyşykly päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň innowasion çözgütleri teklip edildi.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri deňiz bilen baglamakda BMG-niň standartlaryny ulanýan sanly geçelgeler” atly ugurdaş çärede hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hakynda pikir alşyldy. Bu çäre DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşişi bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen innowasion çemeleşmeleridir çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly mümkinçilik döretdi.

Birleşen Milletler Guramasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meselelerine aýratyn üns bermek bilen, olaryň deňze çykmak we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak, erkin üstaşyr gatnawlary amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk etmek, erkin söwda zolaklaryny döretmek hukuklaryny üpjün etmek üçin dürli maksatnamalarydyr resminamalary işläp taýýarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňiz hukugy baradaky Konwensiýasy bu ugurda iň möhüm resminamalaryň biridir. Mejlise gatnaşyjylar bu Konwensiýany durmuşa geçirmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýetine, BMG-niň kagyzsyz elektron maglumat alyşmalaryny üpjün edýän eTIR we eСMR çözgütleriniň, gümrük amallaryny tizleşdirmäge, gümrük harajatlaryny azaltmaga ýardam berýän UNСEFACT kömekçi standartynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan foruma gatnaşyjylar DÇBÖBD-niň söwdanyň, sebitleýin integrasiýanyň ählumumy baha zynjyrlaryna netijeli goşulmagynyň bu ýurtlarda durnukly ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolup biljekdigini bellediler. Şeýle hem bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri seljerildi, bar bolan päsgelçilikler kesgitlenildi, geografik taýdan uzaklyk bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp düzmek boýunça innowasion teklipler beýan edildi. Söwdany we maýa goýumlary ösdürmek üçin amatly gurşawy döretmekde syýasatyň, infrastrukturanyň, institusional mümkinçilikleriň orny aýratyn nygtaldy.

Durnukly hyzmatdaşlyk arkaly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça mejlis hökümetleriň, hususy bölegiň, raýat jemgyýetiniň hem-de halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi. Maýa goýumlaryň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň höweslendirilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallary barada aýdyldy hem-de täze teklipler öňe sürüldi. Bu ugurdaş çärede çykyş edenler raýdaşlygyň we tagallalary birleşdirmegiň DÇBÖBD-niň mümkinçiliklerini durmuş-ykdysady ösüşe öwürmek üçin esas bolup durýandygyny bellediler. Şunda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşi gazanmagyň baş şertleriniň biridigine üns çekildi.

BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy tarapyndan guralan “Hil syýasaty: DÇBÖBD-de ulgamlaýyn geçiş, söwda, bäsdeşlik, arabaglanyşyk we berklik” atly ugurdaş çärede hil ulgamynda alnyp barylýan syýasatyň möhümdigi bellenildi. Bu mesele boýunça geçirilen ýörite çärede hile bildirilýän strategik çemeleşmäniň düzümleýin özgertmeleri höweslendirmäge, söwda geleşiklerinde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, özara baglanyşyklylygy güýçlendirmäge, DÇBÖBD-niň durnuklylygyny üpjün etmäge oňyn täsirini ýetirjekdigi nygtaldy.

Çäräniň dowamynda halkara hil standartlarynyň ornaşdyrylmagynyň täze bazarlara elýeterliligi üpjün etmäge, ykdysady ösüşe ýardam bermäge ýetirýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, tehnologik taýdan has çylşyrymly, ýokary hilli önümleriň önümçiligine geçişi höweslendirmek bu pudakda oňyn özgertmelere itergi berýär. Söwdada bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagy DÇBÖBD-niň täze bazarlarda ornuny berkitmegini üpjün edýär. Standartlary, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek üstaşyr söwdany, hyzmatdaşlygy berkidýär. Hil bilen baglanyşykly syýasaty üstünlikli alyp barmak, sarp edijiniň we maýa goýujylaryň ynamyny artdyryp, ykdysady durnuklylygy pugtalandyrýar.

Söwda, ulag arabaglanyşygyny kämilleşdirmek arkaly sebit howpsuzlygyny berkitmek meselesine-de üns berildi. Netijeli söwda gatnawlarynyň, ulag düzüminiň ösdürilmeginiň diňe bir ykdysady ösüşi höweslendirmek bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň, özara ynamyň berkidilmegine hem ýardam edýändigi nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar ulag infrastrukturasyna maýa goýumlarynyň DÇBÖBD-niň ykdysady kuwwatyny has-da artdyryp biljekdigini nygtadylar. Şeýle-de bu ýurtlaryň dünýä bazarlaryna çykmagyny ýeňilleşdirýän, söwda çykdajylaryny azaldýan we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýan netijeli, tygşytly üstaşyr geçelgeleri döretmegiň strategiýalary babatda pikir alşyldy. Maliýeleşdirmäge innowasion çemeleşmelere, sebitleýin hyzmatdaşlyga we ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalary ulanmaga aýratyn üns çekildi.

Şu gün BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) sanly oba hojalyk we innowasiýalar üçin sanly döwlet harytlaryna bagyşlanan mejlisi hem geçirildi. Oňa gatnaşyjylar elýeterli programma üpjünçiliginiň, maglumatlaryň, standartlaryň oba hojalyk pudagyny özgertmäge hem-de DÇBÖBD-niň giňişliginde innowasion ösüşe, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýaşaýyş serişdeleriniň gowulandyrylmagyna nähili ýardam edýändigine ünsi çekdiler. Şunda bu ýurtlaryň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy, olaryň ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin giň zolakly internete elýeterlilige, sanly torlara, energetika ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Oba hojalygyny ösdürmekde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi hem aýratyn nygtaldy. Soňky ýyllarda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Howanyň üýtgemegi, suw baýlyklaryny dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Sanlylaşdyrmak ulgamy barada aýdylanda, FAO ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öndürijiligini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalarydyr gurallary işläp düzmekde we ornaşdyrmakda goldaw berýär.

Halkara deňiz hukugyna laýyklykda, DÇBÖBD-niň hukuklaryny durmuşa geçirmek hem ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ýurtlaryň halkara deňiz hukugynda göz öňünde tutulan üstaşyr geçelgelere, deňiz serişdelerine elýeterlilik hukuklaryny ilerletmek, şeýle hem ýüze çykýan wehimler, olary ýeňip geçmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Deňiz hukugy baradaky Konwensiýasyna laýyklykda, DÇBÖBD-niň harytlaryny kenarýaka döwletleriň çäklerinden geçirmek, deňiz baýlyklaryny özleşdirmäge we ulanmaga gatnaşmaga bolan hukugy baradaky ýörelgelerdir düzgünleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýene bir mejlisi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin söwda, sebit hyzmatdaşlygy we nyrhlary döretmegiň zynjyrynyň durnukly ösüşi mowzugyna bagyşlandy. Onda netijeli söwda ýollaryny ösdürmegiň ykdysady ösüşi gazanmakdaky ornuna üns çekildi. Munuň özi logistika merkezlerini kämilleşdirmek, döwletara, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, degişli ugurda durnuklylygy berkitmek bilen baglanyşyklydyr. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, DÇBÖBD üçin söwdanyň durnukly ösüşi diňe bir eksport we import edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, uzak möhletleýin ykdysady durnuklylygy üpjün etmekden hem ybaratdyr. Şunda ykdysadyýetiň we eksportyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy möhümdir. Şeýle hem nyrh zynjyrlarynyň täsiri barada pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, nyrh döretmegiň zynjyrlary diňe bir gümrük paçlary bilen çäklenmän, önümiň öndürijiden sarp edijä eltilmegi bilen baglanyşykly ähli çykdajylaryň jemini hem öz içine alýar. Geografik ýerleşişi sebäpli, bu çykdajylar DÇBÖBD üçin has ýokary bolup biler, çünki üstaşyr geçýän ýükler üçin goşmaça tölegleriň göz öňünde tutulmagy harytlaryň ahyrky bahasyny ep-esli ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk etmek we ýükleri erkin üstaşyr geçirmek hukugynyň durmuşa geçirilmegi babatda garaýyşlar beýan edildi.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň guramagynda geçirilen “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin eksport we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça çagyryşlar we mümkinçilikler: halkara standartlardan gelip çykýan netijeler” atly mejlisde degişli ugurda çözgütleri durmuşa geçirmekde tejribe alyşmak, söwda amallaryny sanlylaşdyrmak ugrundaky tagallalary işjeňleşdirmek, DÇBÖBD-niň ykdysady başlangyçlaryny goldamak, olara maýa goýumlary gönükdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýurtlarda eksporty ösdürmek hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak häzirki döwürde BMG-niň esasy üns berýän meseleleriniň biridir. Çünki munuň özi ählumumy ykdysadyýetiň durnukly ösmegine täsir edýär. DÇBÖBD-niň çäk taýdan ýerleşiş aýratynlyklary we maddy-tehniki mümkinçilikleri göz öňünde tutulanda, bu wezipe has netijeli çözgütleri talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler bu ýurtlarda eksporty ösdürmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak üçin milli strategiýalar bilen bir hatarda, sebit hyzmatdaşlygynyň, halkara maliýe guramalarynyň goldawynyň zerurdygyna ünsi çekdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen ugurdaş çäreler DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna çuňňur düşünilýändigini hem-de halkara bileleşigiň bu ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin innowasion we amaly çözgütleri tapmaga ygrarlydygyny görkezdi.

Soňky habarlar
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
06.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — BMG-niň forumynyň üns merkezinde
06.08
Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry
06.08
Durnukly ulag üçin sanly arabaglanyşyk
top-arrow