Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Gahryman Arkadagymyz hem-de halkara maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Medeniýet
Gahryman Arkadagymyz hem-de halkara maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Çap edildi 05.08.2025
171

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy hem-de konserti boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dostlukly ýurtlaryň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň häzirki zaman sungatynda, kinosynda, aýdym-sazynda we edebiýatynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi bu ýurtlaryň dünýäniň medeni ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny aýdyň görkezýär. Şu günki dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

...Agşam Gahryman Arkadagymyz hem-de wekiliýet ýolbaşçylary dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň geçiriljek ýerine bardylar. Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhmanlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.

Soňra bu ýerde, Hazar deňziniň kenarynda deňziň özboluşlylygyny wasp edýän edebi-sazly teatrlaşdyrylan çykyş görkezildi.

Hazar deňzi parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi hasaplanýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde diňe bir kenarýaka ýurtlar üçin däl, eýsem, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hem hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan hem, Hazar — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzine, halklary birleşdirýän merkeze öwrülýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurduň amatly howa şertlerinde ýetişdirilen, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ter gök önümleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we tebigy serişdeleri gorap saklamaga gönükdirilen döwrebap agrotehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň amaly-haşam sungatyna bagyşlanan diwarlykda türkmen halkynyň baý medeni mirasy öz beýanyny tapýar. Bu ýerde senetçileriň, suratkeşleriň, zergärleriň, neçjarlaryň önümleri ýerleşdirilipdir. Her bir önüm gadymdan gelýän usullar arkaly ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa olaryň özboluşlylygyna we ýokary hiline şaýatlyk edýär.

Sergide milli medeni mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuna üns çekilýär. Bu ýere gelenler dizaýn we önümçilik babatda amaly-haşam sungatynyň gadymdan gelýän milli däpleridir häzirki zaman usullary sazlaşykly utgaşdyrylan çemeleşmeleri bilen tanşyp bilýärler.

Soňra belent mertebeli myhmanlar dostlukly ýurtlaryň we Türkmenistanyň sergileri bilen tanyşdylar.

Sergi geçmiş bilen şu günüň arasyndaky köpriniň aýdyň nyşany bolmak bilen, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Her ýurduň sergi meýdançasynda şol ýurtlaryň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar hem ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylar serginiň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň ussat aşpezleri tarapyndan milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini hem-de olara mahsus ak öýleriň bezeg aýratynlyklaryny synladylar.

Her ýurduň sergi meýdançasynda ýörite taýýarlanylan ýerde myhmanlara ussat aşpezler tarapyndan tagamlar hödür edildi. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň aşpezlik däpleriniň baýlygy we dürlüligi, bu ýurtlaryň halklarynyň milli aşhanalary arkaly olaryň taryhy, medeniýeti we ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Olaryň aşhanasy özüniň köpdürlüligi bilen meşhurdyr. Medeniýetara gatnaşyklar bu halklaryň aşhanasynyň baýlaşmagyna täsirini ýetiripdir. Onda etli we tüwüli, gök önümlerden taýýarlanan tagamlar, dürli görnüşli çorba nahary aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem bu aşhanada süýjüliklere aýratyn ähmiýet berilýär.

Dostlukly ýurtlaryň milli tagamlarynyň sergisi tagamlaryň tanyşdyrylyşyndan başga-da, milli aşhanalaryň bu halklaryň maddy däl medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetine hem bagyşlanýar. Her ýurtda dürli tagamlar ýörite däp-dessurlar, baýramçylyklar we myhmansöýerlik däpleri bilen baglanyşyklydyr. Olar diňe bir iýmit bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýet durmuşynyň möhüm bölegidir, agzybirligiň we birek-birege hormatyň nyşany, däp-dessurlary dowam etdirmegiň we nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň serişdesidir.

Serginiň çäklerinde bu ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine hem giň orun berlipdir. Bu sergi oňa gatnaşýan ýurtlaryň baý däp-dessurlaryny we häzirki zaman döredijiligini birleşdirýän özboluşly medeni çäre boldy. Sergide bu ýurtlaryň halklarynyň köpasyrlyk mirasyny hem-de milli medeniýetini şöhlelendirýän surat, heýkeltaraşlyk, dokma, keramika önümleri, şaý-sepler we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Serginiň myhmanlary Gündogaryň amaly-haşam we senetçilik sungatlarynyň ajaýyp nusgalary, milli nagyşlar, haly önümleri, agaçdan we metaldan ýasalan esbaplar, bezeg önümleri, şeýle hem gadymy usullaryň döwrebap görnüşde dikeldilen nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem her ýurduň sergi meýdançasynda milli ak öýi dikilipdir.

Sergi diňe bir gatnaşýan ýurtlaryň çeperçilik üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, suratkeşleriň, ylmy işgärleriň we sungaty söýüjileriň arasynda dialog üçin amatly şertleri döredýär. Ol maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu senetçilik däplerini aýawly saklamak we wagyz etmek olaryň häzirki zaman sungatynda hem-de dizaýnynda öz ornuny tapmagyna goşant goşýar.

Umuman, dostlukly ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi diňe bir geçmişiň we şu günüň özara utgaşmasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary, düşünişmegi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm ädim boldy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de wekiliýet ýolbaşçylary soňra Türkmenistanyň sergi meýdançasyna geldiler. Bu ýerde myhmanlar ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen çap edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyň esasynda milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja hem-de miwe önümleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Mälim bolşy ýaly, milli desterhan türkmen medeniýetiniň iň möhüm binýatlarynyň biridir, onda özboluşly halk däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Türkmen aşpezleri halkyň köpasyrlyk aşpezlik däplerini, saçagy bol bezemegiň we tagam taýýarlamagyň usullaryny aýawly saklap gelýärler.

Türkmen halkynyň milli tagamlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar, dürli-dürlüligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Tagam taýýarlamak medeni durmuşyň, özüňi alyp barmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we myhmansöýerligiň möhüm dessury bolupdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda nahar taýýarlamagyň gadymy däpleri gaýtadan dikeldilýär. Şeýle hem däp bolan usullar bilen täze ýörelgeleriň utgaşmagynda özboluşly täze tagamlar döredilýär. Bu babatda “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyň ähmiýetini bellemek gerek. Kitapda milli tagamlar barada giňişleýin maglumat berilýär.

Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, halkymyzyň milli senetçilik däpleri özüniň köpöwüşginli aýratynlyklary bilen şöhlelendirildi. Sergide goýlan gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine hem-de türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde, türkmen jemgyýetiniň ruhy, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sergide halylar hem-de haly önümleri, keşdeçilik sungatyna degişli işler aýratyn orny eýeleýär. Çeper elli halyçylarymyzyň önümleri we nepis işleri myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen halyçylyk sungaty halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň gymmatlyklaryny şöhlelendirýän baý hem beýik sungatdyr. Bütin dünýäde giňden tanalýan we şöhratlanýan bu sungat eserinde, ony bezeýän göllerde ýurdumyzyň tebigatynyň gözelligi, halkymyzyň şöhratly taryhy we üýtgewsiz gymmatlyklary, paýhasly durmuş pelsepesi şekillendirilendir. Şoňa görä-de, türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň barha artýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.

Sergide türkmen milli saz gurallary hem görkezilýär. Dutar, gyjak, gopuz, gargy tüýdük ýaly türkmen milli saz gurallary belent mertebeli myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Mälim bolşy ýaly, saz bilen medeniýet halklaryň arasyndaky dostluk köprüleridir. Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Asyrlaryň dowamynda saz gurallaryny ýasamagyň sünnälenip gelinmegi netijesinde, türkmen dutary kämilligiň örän uzak ýoluny geçdi. Onuň halkyň buýsanjyna öwrülen şirin owazy, gadymy taryhy dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun almagyny şertlendirdi.

Soňra türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik däplerine eýerilip, Gahryman Arkadagymyz we wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň sergi meýdançasynda dikilen ýörite ak öýe, saçak başyna çagyryldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylaryň hormatyna resmi agşamlyk naharyna gatnaşmak hem-de dostlukly ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etmek üçin bellenilen ýere geçýärler.

Konsert «Waspnama — Arkadagym, Arkadagly Serdarym» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Diýarymyzyň özgerişleri wasp edildi.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu aýdym her bir güni beýik ösüşlere, zähmet üstünliklerine beslenýän parahatçylyk dörediji Watanymyza buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy.

Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Azerbaýjan, gazak, gyrgyz, täjik, özbek, rus, iňlis, ispan, fransuz, arap dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlaryň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanylmagy ýerine ýetirijileriň zehinine we döredijilik ussatlygyna berlen ýokary bahanyň nyşany boldy.

Aýdym-sazly, tansly çykyşlar dünýäniň şäherleriniň owadan ýerlerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny we medeni-ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül oglunyň, Özbegistanyň halk artisti we Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekowyň çykyşlary konsertiň maksatnamasynda aýratyn orun aldy. Mälim bolşy ýaly, bu sungat ussatlaryna ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar Türkmenistanda birnäçe gezek saparda bolup, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryň, konsertleriň hormatly myhmanlary boldular hem-de tomaşaçylara özleriniň meşhur aýdymlaryny sowgat etdiler.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Polat Bülbül ogly bilen söhbetdeş boldy. Munuň özi ýurdumyzda azerbaýjan sungat ussadynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Özbegistanyň halk artisti we Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekowyň bolsa Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri hökmünde-de ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny bellemek gerek.

Baýramçylyk konserti milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alan “Küştdepdi” tansy bilen dowam etdi. Halkymyzyň taryhy-medeni däpleriniň we ruhy dünýäsiniň sazlaşygyny şöhlelendirýän halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgasy häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Soňra konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Awazanyň kenary — dost-doganlyk mekany» atly aýdym ýaňlandy. Bu ajaýyp we şowhunly aýdym doganlyk halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyny hem-de sungatyň jebisleşdiriji güýjüni görkezdi.

Konsert tamamlanandan soňra sahnanyň açylmagy bilen, konserte gatnaşyjylar interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň sazlaşykly hereketleri esasynda döredilen şekillere tomaşa etdiler.

Soňra şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk Awazada agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Soňky habarlar
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
06.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — BMG-niň forumynyň üns merkezinde
06.08
Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry
06.08
Durnukly ulag üçin sanly arabaglanyşyk
top-arrow