Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1793

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Myhman bu ýerde türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylandyklary hem-de halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň iberen salamyny we aýdan hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklar iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde parlamentleriň işine möhüm ornuň degişlidiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Häzirki döwürde ählumumy ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Munuň özi kanun çykaryjy edaralaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine goşýan goşandynyň ýokarlanmagyny şertlendirer.

Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde guralan Parlament forumynda degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny nygtady.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunda halkara forumyň çäklerinde geçirilen giň möçberli çärelerde kabul edilen çözgütleriň wajypdygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we russiýaly myhman iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow