Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1729

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, bu ýokary sylagy mizemez özbek-türkmen dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň bu halkara maslahaty geçirmek bilen, dürli medeniýetleriň we sebitleriň arasynda dostluk köprüsini gurýandygyny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýakyn goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklara ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýandygyny belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda ulanylmadyk ägirt uly kuwwatyň bardygy aýdyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

Söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini nygtadylar.

Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow