BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mowzuklaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ähli möhüm ugurlary, şol sanda gender syýasatyny hem öz içine alýandygyny bellemek gerek.
Deňhukuklylyk, erkinlik ýörelgelerine, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda erkekler hem-de zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Hut şoňa görä-de, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýan gender deňligi boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Awazada geçiriljek forumyň maksatnamasyna zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň girizilmegi-de tötänleýin däldir. Çünki zenanlaryň öň hatarda bolmagy häzirki döwrüň ählumumy, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmegiň möhüm şertidir.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden gelip çykýan başlangyçlary ilerledýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň şu ýylda bellenilýän ýene-de bir şanly sene — Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen özara baglanyşýandygyny nygtamak gerek. Bitaraplygyň esas goýujy ýörelgeleri Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna hem girizildi. Onda 2025-nji ýylda dünýä meselelerinde ösüp barýan ýurtlaryň has aýdyň we täsirli ornuny görkezmegiň maksat edilýändigi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek. Oňa laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu iri forumy geçirmek hakynda çözgüt kabul edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. 13-nji iýulda Awazada geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda Milli Liderimiz ýurdumyzyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty we onuň çäklerinde dürli çäreleri guramak arkaly dünýä döwletleri bilen dostluk köprüsini gurýandygyna ünsi çekdi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän köp sanly çäreler bilen bir hatarda, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy barada hem aýratyn durlup geçildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde amala aşyrylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýan gelin-gyzlaryň müňlerçesini özünde jemleýän Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleri ilerletmekde iri düzümleriň biri bolup çykyş edýär. Türkmen jemgyýetiniň möhüm bölegini düzýän zenanlar häzirki wagtda döwlet dolandyryşynyň dürli düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işlemek, daşary syýasy işlere gatnaşmak we telekeçilik bilen meşgullanmak arkaly Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda raýatlarymyzyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy, maşgalanyň goldanylmagy, eneligiň, çagalygyň goraglylygy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Örän uly döredijilik kuwwatyna eýe bolan zenanlar dürli pudaklarda hem-de ýokary ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekip, ösüp gelýän nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, milli gymmatlyklary gorap saklamaga işjeň gatnaşýarlar. Watanymyzyň okgunly ösüş derejesi we onuň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy türkmen zenanynyň jemgyýetde eýeleýän ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Jemgyýetiň sagdynlygynyň möhüm görkezijileriniň hatarynda onuň çagalar we eneler baradaky aladasynyň derejesini, maşgala gymmatlyklarynyň berkligini, köp çagaly maşgalalara berilýän goldawlary görkezmek bolar. Bu işlerde demokratik gymmatlyklar, milli däpler öz beýanyny tapýar. Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini çözmekde zenanlaryň goşýan goşandy munuň aýdyň güwäsidir.
Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýär. 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşy bolup durýan Aziýanyň ösüş bankynyň “CAREC” maksatnamasynyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň ugurdaş guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi degişli bäsleşige gatnaşdy we bu babatda gazanan ýokary netijeleri üçin ýeňijiniň baýragyna mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gender deňligini üpjün etmek, ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi.
Häzirki döwürde Watanymyzda zenanlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyz Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny ykrar etmek we halkara borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, zenanlaryň hukuklary we azatlyklary babatda esasy halkara resminamalara goşuldy. Şolaryň hatarynda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýany, Pekin Jarnamasyny, Aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň platformasyny, Zenanlaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýany, Halkara Zähmet Guramasynyň Deň gymmatlykdaky zähmeti üçin erkekleri we aýallary deň sylaglamak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu resminamalaryň esasy kadalary milli kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hereket edýändigini bellemek gerek. Bu resminamada aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny kepillendirýän döwlet tarapyndan goralýan kadalar, milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe, maşgala ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlaryna deň gatnaşygy kesgitlenilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Bu ugurda eýýäm ikinji gezek kabul edilen bu resminama döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň gatnaşygyny mundan beýläk-de giňeltmäge, gender deňliginiň ýörelgelerine eýermek arkaly durnukly ösüşi, durnukly ykdysady öňegidişligi gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, eneligi we çagalygy goramak, köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goldamak boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň gender deňligi ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, BMG-niň bu ugurdaky strategiýasynyň köpýyllyk tejribä esaslanýandygyny, “Ösüşiň maksady hökmünde gender deňligi” başlangyjynda zenanlaryň eýeleýän ornuny gowulandyrmagyň ýollaryny agtarmagy maksat edinýändigini nygtamak möhümdir. Häzirki döwürde Milletler Bileleşiginiň ähli tagallalary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde gender deňligi durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde guramanyň ähli edaralarynyň işine girizildi. Şolaryň esasylarynyň hatarynda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasyny (BMG — Zenanlar) görkezmek bolar. Bu düzüm ýerli, milli we sebit derejesinde zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” başlangyjy boýunça olaryň dawa-jenjelleriň öňüni almak, parahatçylygy ilerletmek işine gatnaşmagyny goldaýar.
Türkmenistanyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Türkmenistan halkara hukuk goraýjy düzümler bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Munuň özi bu ugurda umumy kabul edilen standartlary geljekde hem ilerletmekde oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.
Parahatçylyk, durnuklylyk, ösüş, sebit hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler boýunça çözgütleriň kabul edilmeginde has ynamly we ähmiýetli täsirini ýetirmek mümkinçiligini üpjün etmekde Merkezi Aziýa sebitiniň zenanlaryny goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de “BMG — Zenanlar” düzümi tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Milletler Bileleşiginiň ýardamy bilen Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri tarapyndan döredilen bu düzüm Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek işleriniň taryhynda döredilen ilkinji meýdança boldy. Häzirki wagtda ol täsirli gurala öwrülýär.
Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary we iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň gender deňligini ilerletmek we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle-de 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly sebit geňeşmeleriniň geçirilmegi, ýurdumyzyň wekilleriniň sebitiň ýurtlarynda geçirilen dialoglara gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň, Russiýanyň wekilleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň forumy bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzukda guralan bu duşuşyk zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklary, ynanyşmagy we özara düşünişmegi, parahatçylyk, durnuklylyk, ösüş bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine has uly täsir etmek üçin olara mümkinçilikleriň berilmegini goldamaga gönükdirildi.
Forumda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde zenanlaryň uly orun eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, zenanlaryň yhlasly işleri, täze pikirleri bilen howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy wehimlere garşy göreşmekde, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş, bilim baradaky möhüm meseleleriň çözülmegine uly goşant goşýandyklary bellenildi. Bu duşuşyk BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, syýasy-ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde ornuny işjeňleşdirmek üçin olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere dostlukly ýurtlarda uly ähmiýet berilýändigin aýdyň görkezdi.
2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Onda köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goramak meseleleri, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzüm birlikleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy baradaky gürrüňe dolanyp gelmek bilen, bu çäräniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini, sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň üpjün edilmegini, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegini şertlendirýän syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmakda zenanlaryň tagallalarynyň ýokary derejede ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezmäge gönükdirilendigini bellemek gerek.