Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.06.2025
1828

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, baý medeni mirasa we ykdysady ösüş kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanda iş alyp barmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de işewüriň saparynyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi we saparyň netijeli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň gerimli işleri alyp barýarlar hem-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýarlar. «Daewoo» kompaniýasy hem ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda himiýa senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Içerki çig mallardan milli ykdysadyýetimiz üçin zerur bolan, şeýle-de eksporta niýetlenen himiýa önümlerini öndürmek pudagyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşyldy. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine bu taslamany amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Işewür geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow