Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyz “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyz “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 28.06.2025
51

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem myhman her gezek sapar bilen Türkmenistana gelende, täze ösüşleriň şaýady bolýandygyny belläp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de işewüriň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzakmöhletleýin strategiki häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek tejribesine esaslanýar.

Häzirki wagtda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri nazara almak bilen, geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo” kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýratyn bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde gurulýan Medisina klasterinde hem iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy hem-de “Daewoo” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdiklerini ynam bildirdi.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirip, Koreýanyň Taekwondo Federasiýasynyň Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we bu baradaky degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy gowşurmaga rugsat bermegini haýyş etdi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysy Çon Kapkil sporty dünýäde giňden wagyz etmekde, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda taekwondony ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, sportuň hak howandary Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, bu belent sylagy ähli türkmen taekwondçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlik-de, taekwondony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň dörediljekdigini we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdiriljekdigini aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýrandygyny aýdyp, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysynyň türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirip, özüniň maslahatlaryny bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Kukkiwon taekwondo federasiýasynyñ ýolbaşçysyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
29.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
29.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli gutlagy
29.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
28.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.06
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
28.06
Gahryman Arkadagymyz «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.06
Gahryman Arkadagymyz “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
27.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow