Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 27.06.2025
1534

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini, hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, saparyň çäklerinde Hiroýuki Subaý bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň «EKSPO — 2025» Bütündünýä sergisine gatnaşandygyny aýdyp, sergide ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň hem-de pawilýonynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Hiroýuki Subaý hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda beýan eden teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekip, häzirki wagtda bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga girişilendigini aýtdy. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň alyp barýan işi aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýurdumyzda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Işewür Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işleriniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny aýdyp, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýa mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
10.07
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
09.07
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
09.07
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
09.07
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
08.07
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
top-arrow