Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2025: jemleýji dabaralar
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2025: jemleýji dabaralar
Çap edildi 27.06.2025
57

Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

Giň gerimli döredijilik forumyny her ýylda geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ol “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň hem möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň ähli günleri halkymyzyň ägirt uly medeni-döredijilik mümkinçiliklerine eýedigini, milli medeniýetimiziň okgunly ösdürilýändigini, ulgamyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşýändigini tassyklaýan köp sanly çärelere baý boldy.

Sungat baýramçylygynyň çäreleri özüne çekijiligi we mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesini aýdyň görkezdi. Medeni çärä belli aýdymçylar, folklor-etnografiýa we tans toparlary bilen birlikde, sungat ýoluna täze gadam basan aýdymçy-sazandalar, režissýorlar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Halypalaryň tejribesi we ussatlygy ýaşlaryň ruhy joşguny bilen utgaşyp, iri baýramçylyk çärelerini ýatdan çykmajak pursatlara besledi. Medeni forumyň dowamynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri, opera we teatr sahna oýunlarynyň, täze filmleriň görkezilişleri guraldy. Edebiýat, halk döredijiligi bilen gyzyklanýanlar edebi hem-de aýdym-saz agşamlaryna, ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň konsertlerine gatnaşdylar. Sungat ussatlary, maşgala aýdym-saz, çagalar döredijilik toparlary hem baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar.

Änew şäheriniň, Bäherden, Gökdepe we Kaka etraplarynyň, Yzgant şäherçesiniň, Gämi obasynyň medeni ojaklarynda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar, okuw-usuly, ylmy-usulyýet maslahatlary milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde, sungatyň dürli ugurlaryny ösdürmekde, muzeý, kitaphana işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Eserlerinde müdimi umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp eden beýik söz ussady Magtymguly Pyragyny sarpalamak dabarasy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerini bir ýere jemledi. Şahyryň belent daglardan şaglap gaýdýan bulaklar ýaly päk duýgulara ýugrulan goşgulary ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine öwrüldi. Gündogaryň beýik akyldarynyň uzaklardan seleňläp görünýän heýkeliniň beýikligi 60 metre deňdir. Onuň binýadynda şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan çuňňur manyly setirler ýerleşdirildi. Onuň ajaýyp şygyrlaryndaky çuň we aýdyň pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän belent ynsanperwer taglymlaryň ýaşlary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, täze röwüşde ýaňlanýan Magtymgulynyň eserleri bilen gyzyklanýanlaryň sanynyň Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha köpelýändigi buýsançly ýagdaýdyr. Akyldar şahyryň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, medeniýetleriň baýlaşmagynyň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň egsilmez çeşmesi bolup durýar.

...Irden belent ýadygärligiň ýanynda geçirilen dabara gatnaşmak üçin Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, döredijilik işgärleri, talyplar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar ýadygärlige ajaýyp gül desselerini goýdular. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwer şahyra we onuň döredijilik mirasyna bolan söýgüsiniň, çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüldi.

2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna, medeniýet we sungat işgärlerine iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, olary täze, kämil eserleri döretmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler medeniýet we sungat işgärlerini örän buýsandyrýar. “Söz sungatynyň soltany, ady äleme dolan dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek gymmatlykdyr, nesilleri watansöýüjilige, ynsanperwerlige, agzybirlige ündeýän nusgalyk mekdepdir. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, bagşy-sazandalaryň, kompozitorlaryň, artistleriň akyldar şahyryň çuň many-mazmunly eserlerinde öňe sürülýän gymmatly pikirlerden ugur alyp döredýän döwrebap we kämil eserlerine örän guwanýarys” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belledi.

Dabara ýurdumyzyň halk artistleriniň we birleşen folklor tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Medeniýetiň howandary Arkadag» atly aýdym bilen açyldy. Ajaýyp sahnada sungat ussatlarynyň dabaraly konserti guraldy. Ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri berkarar Watanymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlar iň ýakymly duýgularyň, halkymyzyň şöhratly geçmişini we medeniýetini öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny aýawly saklamaga, wagyz etmäge, sungatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza medeniýet işgärleriniň adyndan hoşallygyň beýany bolup ýaňlandy.

Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyna döredilen aýdym hemmeler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Dabaranyň ajaýyp bezegine öwrülen bu aýdym Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň hor topary bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň “Magtymguly Pyragy” atly edebi-sazly kompozisiýasyny tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmen şygryýetiniň beýik akyldarynyň janly keşbi sahna eseriniň esasy özenini düzdi. Onuň edebi mirasy türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleri üçin gymmatyny ýitirmejek hazynadyr. Artistleriň halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň nyşany bolan ajaýyp milli lybaslarda çykyş etmegi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary, nusgawy aýdym-sazlar häzirki döwrümiziň joşgunly estrada aýdymlary, tans çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşyp, bir bitewi ruhy gurşawy emele getirdi. Dabara türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döredilen «Hatyrjem bolgul» (“Saýatly Hemra”), «Uzuklar» ýaly folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Sazlaşykly ýerine ýetirilen täsirli sahna eserlerinde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. «Meňli», «Dehistan», «Margiana», «Aşgabat» folklor-tans toparlarynyň, Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň çykyşlary ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparynyň ýerine ýetiren küştdepdi tansy tomaşaçylara aýratyn ruhy lezzet paýlady. Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky synmaz arabaglanyşygyň özboluşly nyşanyna öwrülen bu tans dessury halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Watanymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm wakalary beýan edýän wideoşekiller döredijilik çykyşlaryna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk konserti ähli dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gülle, medeniýetim, sungatym bu gün!» atly aýdym bilen tamamlandy. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sungatyň jebisleşdiriji, täze zähmet ýeňişlerine we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan beýik güýjüniň waspnamasyna öwrüldi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky tagallalar, döredijilik bilen meşgullanmak, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de forumyň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredilen ähli amatly şertler üçin hoşallyk beýan edilýär. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň belende göterilmeginiň bähbidine milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
27.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
27.06
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
27.06
2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek bellenildi
27.06
A.Muhammedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi
27.06
H.Handurdyýew Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi
27.06
H.Kadyrow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: jemleýji dabaralar
27.06
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň äh­li hal­ky­na
top-arrow