«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän Medeniýet hepdeligi täsirli wakalary bilen oňa gatnaşyjylar we ähli watandaşlarymyz üçin ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresiniň esasy maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.
Hepdeligiň bäşinji gününde Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde birnäçe çäreler guraldy. Günüň birinji ýarymynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmäge we baý milli mirasymyzy goramaga gönükdirilen çäreler geçirildi. Oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek, resminamalar dolanyşygynyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek boýunça usuly maslahat, görkezme çykyşlary hünärmenlere tejribe alyşmaga, işleri has netijeli guramak üçin täze bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Resminamalar dolanyşygynyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns çekildi. Bu ugur dolandyryş amallaryny ýeňilleşdirmäge, olaryň aýdyňlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, medeniýet işgärlerine döredijilik işlerine, ýerli jemgyýetçilik bilen gatnaşyklara has köp wagt sarp etmäge şert döreder.
Tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek meseleleri barada hem pikir alşyldy. Bu tagallalar medeni özboluşlylygyň aýrylmaz bölegi bolan milli däp-dessurlary gorap saklamaga ygrarlylygyň subutnamasydyr. Usuly gollanmalaryň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergide medeniýet ulgamynda gazanylan iň gowy tejribeler we taslamalar, ýerli senetçileriň ussatlygyny, döredijilik mümkinçiligini görkezýän el işleriniň ajaýyp nusgalary köpçülige ýetirildi.
Medeni forum Gökdepe etrabynyň medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» şygary astynda «Asyrlara ýaň salýan dessançylyk sungaty» atly dutar we beýleki milli saz gurallarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy hem-de dessançy bagşylaryň konserti geçirildi. Dutaryň we onuň bilen baglylykda, aýdym-saz sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda ykrar edilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Ol parahatçylygyň we dostlugyň nyşany bolan milli aýdym-saz sungatynyň halkymyzyň ruhy durmuşyndaky mizemez ornuny beýan edýär. Gözbaşy asyrlaryň jümmüşine uzaýan bu sungatda parahatçylyk dörediji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary jemlenendir. Bagşy-sazandalar döredijiligiň özboluşly mekdebini kemala getiripdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Garaşsyz Watanymyzda bagşyçylyk sungatynyň öwrenilmegi, giňden wagyz edilmegi halk sazandalaryna, dessançylara aýratyn hormat-sarpa goýulýandygynyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda türkmen halyçy zenanlarynyň zehini bilen dutarda saz çalmak sungatynyň arasyndaky baglanyşyk beýan edilýär. Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde özboluşly sazlaşykly owazy bilen tapawutlanýar. Şolaryň hatarynda dutar milli saz sungatymyzda esasy orny eýeleýär. Häzirki döwürde ýaş zehinler öz halypalary bilen festiwallara, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere gatnaşýarlar, dürli ýurtlaryň abraýly sahnalarynda çykyş edýärler. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşylarynyň ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Häzirki zaman halk bagşylary hem-de sazandalary milli sungatyň däplerini saklaýarlar we ösdürýärler. Dessançy bagşylaryň konsertine gatnaşanlar bu asylly ýörelgeleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyna aýdyň göz ýetirdiler.
Konsert maksatnamasyna dürli sazlar, dessanlardan parçalar, meşhur türkmen şahyrlarynyň goşgularyna döredilen aýdymlar girizildi. Çykyş edenler ajaýyp aýdymlary, halk döredijiliginden nusgalary, halk sazlaryny ussatlarça ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar olaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu çäre Türkmenistanda baý medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini aýdyň görkezdi. Munuň özi ÝUNESKO-nyň maksatdyr wezipelerine hem laýyk gelýär.
Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni Änew şäherindäki medeniýet öýünde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Parahatlyk aýdymy» atly täze filmiň görkezilişi we kino ussatlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy bilen tamamlandy. Kino söýüjileri, medeniýet ulgamynyň wekillerini bir ýere jemlän bu çäre ýurdumyzyň kinematografiýasynyň ösüşlere beslenýändigini görkezýän möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Täze filmiň döredilmegine gatnaşanlar bilen geçirilen döredijilik duşuşygy tomaşaçylara režissýorlardyr surata düşüriş toparynyň agzalary bilen pikir alyşmaga, filmiň mazmuny, surata düşürilişi, onuň edebi esasyny düzen garaýyşlar barada gyzyklandyrýan sowallaryny bermäge mümkinçilik döretdi.
Umuman, Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäreleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge köptaraply çemeleşilýändigini hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy-döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny görkezdi.