Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
Jemgyýet
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
Çap edildi 21.06.2025
3680

Häzirki wagtda Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler.

Türkmen döwleti ýurdumyzyň gury ýer geçelgelerini, şeýle hem Aşgabadyň Halkara howa menzilini ulanmak bilen, daşary ýurt raýatlarynyň bökdençsiz geçmegi we olaryň öz Watanlaryna dolanmagy üçin zerur çäreleri görýär.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow