Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu ugurda alnyp barylýan anyk işleriň aýdyň mysalydyr.
Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris. Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Şol bir wagtda hem ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda ylma we döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi.
Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasap edýäris. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, oýlap tapyjylykly ugurlara aýratyn üns bermekleri hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygymyzyň çäginde hünärlerini kämilleşdirmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris.
Hormatly ýaş alymlar!
Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi, köp babatda, çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, şeýle hem ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine biz aýratyn buýsanýarys. Ýaş alymlarymyzyň dünýä derejesinde gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, ähli halkymyzyň buýsanjydyr. Garaşsyz döwletimiz ýaş alymlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary eder.
Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!
Sizi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize uzak ömür, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, türkmen ylmyny ösdürmekde we belent sepgitlere ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.