Şu gün ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler syýasatynyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de oňa öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Munuň özi ýokary hilli önümleri öndürijiler hökmünde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň dünýä bazarynda tanalmagy üçin möhüm binýady döredýär. Türkmenistanyň amatly toprak-howa şertleri dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän orta we inçe süýümli pagtany senagat möçberinde öndürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy dokma senagatynyň çig mal binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirdi.
...Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen meýdança halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin köp sanly adamlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Soňra hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, türkmen dokmaçylyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen baý milli mirasymyzyň möhüm bölegidir. Bu sungat diňe bir gündelik egin-eşik ýa-da öý bezegi hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň milli medeniýetiniň, sungatynyň özboluşly beýany hökmünde-de aýratyn ähmiýete eýedir.
Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurtlardan dokma enjamlaryny, dokma senagaty üçin boýag we himiki serişdeleri, çig mal, gaplaýjy we önümçilik serişdelerini öndüriji, üpjün ediji kompaniýalaryň 110-a golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar. Şolaryň 60-dan gowragy daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary we belli moda birleşmeleridir.
Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda bu pudakda ýetilen sepgitler giňden beýan edilýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň dokma pudagy milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologik enjamlar ornaşdyrylan döwrebap dokma kärhanalarynyň ençemesi guruldy. Hereket edýän iri dokma toplumlary, pagta egriji we tikinçilik fabrikleri, piläni gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri ekologik taýdan arassa çig mallardan ýokary hilli önümleri öndürip, döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň has-da artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça giň gerimli işler dokma senagaty pudagynda-da üstünlikli alnyp barylýar. Dokma senagaty ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Dokma” onlaýn dükanynyň hereket etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Onlaýn platforma arkaly müşderiler ministrlige degişli dokma kärhanalarynyň, hususy önüm öndürijileriň ýüzlerçe görnüşli dokma we deri aýakgap önümlerini sargyt edip bilýärler.
Sergide ýurdumyzyň birnäçe dokma kärhanalary bilen bir hatarda, Aşgabadyň we Baýramalynyň dokma toplumlary-da dürli görnüşli önümlerini hödürleýärler. Milli dokma kärhanalarymyz möwsüme görä öndürýän önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak bilen, sarp edijileriň barha ösýän isleglerini kanagatlandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, “Nusaý”, “Bedew”, “Gala”, “Bürgüt” haryt nyşanly tomus, güýz möwsümine laýyklykda taýýarlanylan egin-eşikler sergä gatnaşýanlaryň ünsüni çeken esasy harytlar boldy. Bu önümler ekologik taýdan arassalygy, ynsan bedenine ýakymlylygy, berkligi we gelşikliligi bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtly alyjylaryň arasynda hem uly islegden peýdalanýar. “Ruhabat” dokma toplumy boýalan we boýalmadyk nah matalaryň, ýaglyklaryň, el-ýaglyklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Kärhana pagtany gaýtadan işlemek arkaly içerki we daşary ýurtlaryň dokma kärhanalarynyň önümçiligi üçin zerur bolan nah ýüplükleriň birnäçe görnüşlerini-de öndürýär.
Dokma pudagyna iri döwlet maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Diýarymyzda birnäçe önümçilik toplumlary döredildi. Häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan Babadaýhan we Kaka dokma toplumlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýän ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýdular. “Mäne” we “Jeýtun” haryt nyşany bilen öndürilýän önümler dürli görnüşleri bilen tapawutlanýar. Şeýle-de sergide Aşgabadyň panbarhat fabriginiň ýüpek matalary, “Ýeňiş” tikin fabriginiň erkekler we çagalar üçin köýnekleri, “Ahal” tikinçilik birleşiginiň, “Bahar” tikin-önümçilik birleşiginiň önümleri tanyşdyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, birnäçe kärhanalar ýüplük önümçiligi, dokma senagatynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça mümkinçiliklerini görkezýärler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda eýeleýän orunlaryny barha pugtalandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, “Batly-Gadam”, “Gerçek ýigit”, “Gök saraý” hususy kärhanalarynyň öz önümçilikleri üçin zerur bolan nah ýüplügi gaýtadan işlemek arkaly öndürýan önümleriniň görnüşlerini artdyrýandyklaryny bellemek gerek. Ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir tebigy çig mala esaslanýan däl, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik toplumlarynyň döredilmegine-de işjeň gatnaşýarlar. “Berk ýüplük” hojalyk jemgyýeti, “Abraýly dostlar” hususy kärhanasy Türkmenistanda öndürilýän polipropilenden ýüplükleri taýýarlaýarlar. Bu ýüplükler mebel, plastik turba, torba we tanap ýaly önümçiliklerde giňden peýdalanylýar. “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem hut şu usulda ajaýyp haly önümleri öndürýändigini nygtamaly. Paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik toplumynda Ýewropa ýurtlaryndan getirilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we netijeli işledilmegi bilen, asyrlardan gaýdýan milli halyçylyk sungatymyzy häzirki zaman senagat usullary arkaly has-da ösdürmäge, önümçiligiň gerimini giňeltmäge we çaltlandyrmaga, önüme düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik döredi. Kärhananyň sergide görkezýän halylary nepisligi bilen tapawutlanýar. “Geran”, “Saraýan” kärhanalary önümçilik we iş lybaslarynyň, esbaplaryň giň toplumyny hödürleýärler. “Däp” kärhanasy döwrebap biçüwde, häzirki zaman dizaýn usullarynda taýýarlanylan geýimlerinidir beýleki önümlerini sergä gelýänlere görkezýär.
Şu gezekki sergi diňe bir dokma senagatynyň öňdebaryjy öndürijilerini we üpjün edijilerini däl, eýsem, dünýäniň meşhur dizaýnerlerini hem türkmen paýtagtynda jemledi. Gözden geçirilişde olaryň taýýarlaýan lybaslar toplumlary we häzirki zaman modasynyň ýörelgeleri bilen giňişleýin tanyşmak mümkindir. Şolaryň arasynda türkmen dizaýnerleriniň, modalar öýleriniň milli däpleri utgaşdyrmak arkaly taýýarlaýan lybaslary daşary ýurtly wekilleriň hem gyzyklanmalaryna eýe bolýar. Sergide aýakgaplary we dürli bezegleri öndürmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine möhüm orun berlipdir. “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti, “Röwşen” hususy kärhanasy bu babatda esasy orunlary eýeleýärler. Olar öňdebaryjy moda usullaryna eýermek bilen, arassa deriden öndüren aýakgaplaryndan daşgary, barha ösdürýän aksessuar önümçilikleriniň nusgalaryny hem görkezýärler. Sergä arassa gönden taýýarlanylan täze önümleri bilen Gökdepäniň gön zawody hem gatnaşýar.
Pudagyň kärhanalaryndaky önümçilik-tehniki binýady täzelemek we içerki tebigy çeşmeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça daşary ýurtlaryň iri önüm öndürijileri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň geljegi uly dokma pudagynda bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek gerek. Şu gezekki sergä dokma enjamlaryny, boýaglary öndürmek babatda öňdebaryjy kompaniýalaryň birnäçesiniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ýaponiýanyň “Toyota Industries Corporation”, “Murata Machinery”, Şweýsariýanyň “Rieter”, Hindistanyň “LMW Global FZE”, “Lakshmi Card Clothing” kompaniýalary dokma kärhanalary üçin enjamlary öndürmekde, olary döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Türkiýäniň “MRN Kimya”, Hindistanyň “Indokem”, “Atul chemical”, Tailandyň “Ben tech Chemical” kompaniýalary bolsa dokma senagaty üçin boýaglaryň giň görnüşlerini hödürleýärler. Dokma önümleri — bu diňe bir adamyň üst-başynyň däl, öý we iş ýerleriniň hem özboluşly bezegi bolup durýar. Halkara sergi-ýarmarka öý bezegine degişli önümleri, ýumşak mebelleri, aşhana gap-gaçlaryny öndürýän belli daşary ýurt kompaniýalary, olaryň ýurdumyzdaky üpjün edijileri hem işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda “Jumbo”, “Karaca” we “English home” kompaniýalary öý şertlerinde ulanylýan önümleriň köp sanly görnüşlerini gözden geçirilişe getiripdirler.
“Altyn Asyr” harytşynaslyk merkezi sergi meýdançasynyň aýratyn bölegini emele getirýär. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň baý görnüşleri myhmanlara hödürlenilýär. Ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasyny etmäge döredilen şertler şu gezekki serginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Halkara gözden geçirilişiň maksatnamasy özara tejribe alyşmak, häzirki zaman moda ýörelgeleri barada bilimleri artdyrmak üçin hem giň mazmunly çäreleri özünde jemleýär. Bu ýerde lybaslary bezemekde ulanylýan ýörgünli we öňdebaryjy däpler bilen tanyşdyrýan, ululardyr çagalar üçin egin-eşikleri, dokma serişdelerinden oýunjaklary taýýarlamak babatda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dizaýnerleriniň ussatlyk çykyşlary guralýar.
Halkymyzyň döredijilik dünýäsiniň örän baýdygyny şöhlelendirýän milli lybaslarymyz modanyň çalt depginde ösýän we özgerýän häzirki zamanynda hem her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Gelin-gyzlaryň yhlasyndan, zehininden dörän milli nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen şol lybaslaryň her biri özboluşly sungat eseridir. Milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürden gözbaş alýan medeni mirasymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bu sungat döwrebap ýörelgeler esasynda lybaslary taýýarlaýjy milli dizaýnerlerimiz tarapyndan has-da baýlaşdyrylýar.
Tikinçilik we dokma kärhanalarynyň önümleriniň dünýä bazarynda uly islege eýe bolmagy olaryň dünýä modasynyň öňdebaryjy ýörelgelerini ulanmak arkaly täzeçillikleri çalt ornaşdyryp bilmegine berk bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, serginiň çäklerinde milli we daşary ýurtly dizaýnerleriň, modalar öýleriniň taýýarlaýan lybaslary bilen tanyşmak üçin moda görkezilişleri guralýar. Italiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň, Singapuryň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň dünýä belli dizaýnerleriniň taýýarlaýan lybaslar toplumlarynyň görkezilişleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Soňky wagtda dünýäniň belli modalar öýleriniň gatnaşmagynda şeýle halkara moda görkezilişleriniň yzygiderli guralmagy «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabadyň sebitiň medeniýet, sungat we gözellik merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýandygyny aýdyň görkezýär.
Aşgabat modalar öýüniň, “Goç Ýigit”, “Duman Show”, “Dana Peri”, “AINA”, “Aýna Sari”, “Mirasly Senet”, “Binayim” “Chynar Fashion”, “LN” ýaly modalar öýleriniň we dizaýnerleriň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen, moda äleminiň iň soňky ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylan lybaslary hiç bir adamy biparh goýmaýar. Türkmen dizaýnerleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, milli tikinçilik däplerini has-da ösdürýärler.
Aşgabat şäherinde geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarka diňe bir ykdysady we işewürlik bähbitleri üçin däl, eýsem, medeniýetleriň, dokmaçylyk däpleriniň özara baýlaşmagy üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat strategiýamyzda ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Halkara sergi-ýarmarka 13-nji iýunda öz işini tamamlar.