Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Çap edildi 11.06.2025
2146

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen dokmaçylyk sungaty halkymyzyň döredijilik zehininiň, gözellige bolan söýgüsiniň, ruhy dünýäsiniň janly beýanydyr. Häzirki döwürde hem bu sungaty ösdürmek, ýaş nesillere asyl nusgasynda geçirmek, ony dünýä tanatmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen dokmaçylyk sungatynyň umumadamzat medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde tanalmagy halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Türkmen dokmaçylyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen baý milli mirasymyzyň möhüm bölegidir. Bu sungat diňe bir gündelik egin-eşik ýa-da öý bezegi hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň milli medeniýetiniň, sungatynyň özboluşly beýany hökmünde-de aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda guralýan bu halkara sergi-ýarmarkada türkmenistanlylary we halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň dokma senagatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, dokma kärhanalarynyň iň täze önümleridir tehnologiýalary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň ekspozisiýalarynda diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenen ýüpek matalaryň, lybaslaryň we beýleki dokma önümleriniň hem bolmagy bu giň möçberli çärä gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çeker hem-de bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryna açykdygyny aýdyň görkezer.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň dokma önümleri dünýäde ekologik taýdan arassalygy, ýokary hillidigi we tebigy çig maldan taýýarlanýandygy bilen giň meşhurlyga eýedir. Kuwwatly önümçilik üpjünçilik ulgamlary we çig mal binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen dokma önümleri häzirki wagtda onlarça ýurda eksport edilýär. Önümçilige dünýä ylmynyň gazananlaryny we netijeli innowasion tilsimatlary ornaşdyrmagyň hasabyna senagaty hem-de milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisini mundan beýläk-de ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şeýle-de ýurdumyzda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Öňde goýlan bu belent maksadyň türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň dowamynda dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.

Sergi-ýarmarka gatnaşýan hormatly adamlar!
Eziz dostlar!

Sizi «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, dokma pudagyny ösdürmekde alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow